Asyrlara ýaň salýan türkmen mirasy

Hemişelik Bitarap döwletimizde agzybir türkmen halkynyň merdana zähmeti netijesinde, hormatly Arkadagymyzyň saýasynda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň nurana geljegi we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýulan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen döwleti gadymy medeni ýadygärliklere baý. Watanymyzyň islendik künjeginde şanly taryhymyza we milli medeniýetimize degişli ajaýyp ýadygärlikleri synlamak bolýar. Olarda halkymyzyň taryhyna degişli iňňän gymmatly maglumatlar saklanýar. Ýyl ýazgylaryny ýöredijiler hem gadymy döwre, antik eýýama we orta asyrlara degişli köp resminamalary we maglumatlary galdyrypdyrlar. Ýöne muňa seretmezden, Türkmenistanyň taryhy – bu beýik açyşlaryň entek doly ýazylmadyk kitabydyr.

Gadymy medeniýetiň merkezi bolan Türkmenistan ýurdumyzyň çäklerinden tapylan tapyndylar, gadymy şäherler, galalar dürli gadymy suw desgalarynyň yzlary bilen baý geçmiş mirasymyzdan habar berýär. Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyzda taryhy-arheologik ýadygärlikleriň birnäçesi döwlet tarapyndan hasaba alyndy we goralyp saklanylýar. Türkmenistan döwletimizde ýerleşýän gadymy Amul, Merw, Nusaý, Dehistan, Abiwerd we Köneürgenç ýaly birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleri özüniň goýnunda nije asyrlary saklap gelýär. Gadymyýetiň şaýady bolan bu taryhy ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi biz ýaş nesilleri diýseň buýsandyrýar..

 Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň çäginde ýerleşýän gadymy Merw 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we ol siwilizasiýanyň bäşinji ojagy diýip hasap edildi. Bu şäher taryhyň dürli döwürlerinde dürlüçe atlandyrylypdyr: Antiohiýa, Margiana, Marguş, Merw. Ol özünde ahemenidleriň, selewkitleriň, parfiýalylaryň, sasanidleriň yzlaryny saklap galypdyr. Şeýle hem yslam dininiň esasy döwletleri bolan Bagdadyň, Şamyň medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Mundan başga-da Beýik Seljuklar imperiýasynyň ýaşan XI-XII asyrlary gadymy Merwiň pajarlap ösen döwri hasaplanýar. Bu şäher şol bir wagtyň özünde Yslam dünýäsiniň alymlary, filosoflary, ýazyjylary üçin hem möhüm merkezleriň hataryna giripdir. Gadymy Merw otparazçylyk dininiň merkezi bolupdyr. Asyrlaryň şaýady bolan gadymy Merw häzirki wagtda dünýä jahankeşdeleriniň gelimli-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Aşgabat şäherinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän gadymy Nusaý 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu taryhy ýadygärlik biziň eýýamymyzdan öňki III ýüzýyllygyň ortalarynda ýaşan kuwwatly döwletleriň biri bolan Parfiýa imperiýasynyň döwründe gurlupdyr. Ol şol döwletiň ilkinji paýtagty hasaplanylypdyr. Taryhda yz galdyran bu medeni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Köne Nusaý galasyna “Mitridatyň şäheri” hem diýlipdir. Öz başyndan 2 müň ýyl geçiren bu taryhy gala, ellinistik medeniýetiň nyşany hökmünde häzirki güne çenli saklanylyp galypdyr. Gadymy Nusaý galasyndan ritonlaryň, zikgelenen altyn teňňeleriň, heýkelleriň, olaryň ýüzüne çekilen fantastiki şekilleriň tapylmagy bu yerde ellinistik medeniýetiň has-da ösenligine şaýatlyk edýär. Bu ýerde heýkel ýadygärlikleriniň 10-a golaýy tapyldy. Häzire çenli dünýäniň dürli künjeginden tapylan ritonlaryň arasynda öz görnüşiniň kämilligi we çeper bezegi boýunça Nusaý ritonlaryna taý gelip biljegi ýokdur. Mundan başga-da gadymy Nusaý galasy 2500-den gowrak resminamalary we gymmatly maglumatlary özünde jemläpdir.

Türkmenistanyň Demirgazygynda ýerleşýän, türkmen taryhynda aýratyn orny eýeleýän ýadygärlikleriň biri-de Köneürgenç ýadygärligidir. Ol taryhda Gürgenç, Ürgenç, Köneürgenç diýen atlar bilen tanalypdyr. Häzirki döwre çenli saklanyp galmagy başaran Köneürgenç ýadygärlikleriniň içinde Nejmeddin Kubra, Soltan Aly, Pirýaz Weli, Törebeg Hanym we Kutlug Temiryň minarasy ýaly birnäçe galalar bar. Bu ýadygärlikler toplumy 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu taryhy-meden ýadygärlikler häzirki döwürde syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni özine çekýär.

Elbetde, bulardan başga-da Türkmenistan ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp birnäçe taryhy we medeni ýadygärlikler bar. Asyrlara ýaň salýan bu ýadygärlikler häzirki wagtda düýpli öwrenilýär.

Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri hem, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky komiteti Namibiýada geçirilen mejlisinde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna “Görogly” şadessany girizildi. Bu dessanda edermen, gaýduwsyz, mert Görogly we onuň kyrk ýigidiniň batyrlygy hakynda beýan edilýär.

Türkmen halky gahrymançylykly eposlary we şadessanlary asyrlaryň jümmüşinden geçirdi. Olarda bagtyýarlyk, azat durmuş barada arzuw hyýallar beýan edilýär. Ol eserler çuňňur paýhasa, ajaýyp durmuşa bolan söýgä ýugrulyp, häzirem adamlaryň kalbyny şatlandyrýar. Muňa halkymyzyň “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem şaýatlyk etýär.

2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Küştdepdi aýdym-saz sungaty maşgala dabaralarynyň we milli baýramçylyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Dessur bagtyýarlyga doglan gün çärelerine we abadançylyga ýardam bermäge gönükdirilýär. Şeýle hem ol parahatçylygy, raýdaşlygy, durmuş bitewiligini, jemgyýetiň agzalarynyň arasyndaky agzybirligi şertlendirýär.

Şeýle hem, maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara toparynyň 14-nji ýygnagy Kolumbiýanyň Bogota şäherinde 2019-njy ýylyň 09-14-nji dekabr aralygynda geçirildi. Toparyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistandaky türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistandaky türkmen milli halyçylyk sungaty milli, ajaýyp bezelen, ýüň elde dokalan halylar we haly önümleri bilen baglydyr. Görnüşi boýunça halylar galyň we dürli nagyşlar bilen bezelen bolup, olar ýere ýazmak we diwarlary bezemek üçin ulanylýar. Öz içine ýerli ösümlikler we haýwanat dünýäsini alýan halyçynyň yaşaýşy halylaryň dizaýnynda şöhlelendirilýär.

Häzirki wagtda ahalteke atçylyk sungatyny bu abraýly sanawa girizmek, Köýtendagyň ekoulgamyny we “Bathyz” döwlet goraghanasyny bolsa, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler geçirilýär.

Asyrlara ýaň salýan gadymy türkmen topragynyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bu günki günde dünýäniň çar künjeginde tanalýar. Şeýle taryhy ýadygärlikleriň köp bolmagy türkmen halkynyň baý medeni mirasyndan nyşandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda, biz ýaş nesiller üçin taryhy we medeni ýadygärliklerimizi çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Ogulnabat DURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar