Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda medeniýet ulgamy ägirt uly ösüşlere, özgerişliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýip belleýşi ýaly, türkmeniň ýüregini, ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklarymyzy dünýä açyp görkezmeklige-de giň ýol açyldy. Dünýäniň çar künjeginde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň guwandyryjy mysalydyr. Şol gatnaşyklaryň netijesinde folklor sungatymyzyň dünýä ýüzünde seýran etmegi bolsa asyrlaryň dowamynda toplanyp, dilden-dile, kalpdan-kalba geçip gelen gymmatlyklarymyza täze ömür bagyş edýär. 2015-nji ýylda “Görogly” şadessanymyzyň, 2017-nji ýylyň ahyrynda küştdepdi milli sungatymyzyň, onuň yzysüre bolsa türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä ýüzünde-de oňa hormatyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Zemine bahar paslynyň gözellik eçilýän günlerinde ýurdumyz baýramçylyk lybasyna beslenýär. Süňňi millilige eýlenen ol baýramçylyklaryň hiç birini-de folklor toparlarynyň çykyşlaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi folklor toparlarynyň çykyşlary – halkymyzyň geçen durmuş we taryhy ýoly barada sungatyň dili bilen gürrüň berýär. Ol çykyşlarda pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň ýürek sesi, arzuw-umytlarynyň hasyl bolan keşbi bar. Küştdepdi milli sungatymyzyň dünýä gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň aňyrsynda-da – halkyň ýüreginiň asyrlaryň dowamyndaky sesiniň bardygy dogrusyndaky mukaddes hakykat bar.
Folklor gymmatlyklarymyzyň arasynda dünýä ýüzünde has meşhurlarynyň biri bolan küştdepdileriň özboluşlylygy onuň hiç bir sungata, hiç bir halkyň milli gymmatlygyna meňzemeýän aýratynlyklarynyň bardygyndadyr. Halkymyzda ýöne bir saz çalnyp ýa dep kakylyp küşt depilibermeýär. Munuň üçin ýörite gazal aýdylýar. Özi-de diňe küşt-depdi üçin niýetlenen gazallar. Şol gazallarda halkyň ýürek sesi, dürli döwürdäki hal-ýagdaýy beýanyny tapýar. Şonuň bilen birlikde küştdepdi tansynyň hereketleri-de dürli manylara eýe bolup durýar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri sungaty, edebiýaty durmuşlarynda aýrylmaz hemra tutunyp gelipdirler diýip aýtmaga düýpli esas döredýär.
Küştdepdileriň deňiz ýakasynda ýaşap, balykçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyzyň dürli dessurlary amala aşyrmaklary, ýa bolmasa hassany sagaltmak üçin küştdepilendigi bilen baglanyşdyrýan dürli ylmy çaklamalar-da bar. Şolaryň haýsy biri bolaýanlygynda-da, bir hakykat aýan: küştdepdi – türkmen halkynyň döreden ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegi. Ol türkmeniň iň gadymy halklaryň biridigini subut edýän aýdym hem tans hereketleriniň utgaşmasy. Adamlarda gözelligi, ruhubelentligi döredýän, köpçülikleýin ýerine ýetirilýändigi bilen tapawutlanýan sungat eseri.
Asyrlaryň dowamynda halkymyz bilen bile ýaşap gelýän küştdepdilerimiz häzirki wagtda täze-täze gazallaryň owazyna depilýär. Ol gazallarda ajaýyp zamanamyz, Gahryman Arkadagymyzyň döreden eşretli durmuşy, Diýaryň gözellikleri, dünýä sary uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz, mukaddes söýgi buýsanç bilen wasp edilýär.
Haýrany haýran etjek,
Watany seýran etjek,
Gerek bolsa Watanma,
Janymy gurban etjek.
Küştdepdi gazallary şadyýan mazmunly bolup, olarda gaýgy-gussaly bentler aýdylmaýar. Bu gün toýlarymyzda küşt depýän ýigitlerdir gyzlary sylanyňda, göýä ganat baglan guşlary ýadyňa salýar. Dogumly hereketleri bilen sazlaşykly küşt depişlerini synlap, olaryň bagty ýar durmuşymyzyň ruhy beýanyny özünde jemleändigini duýýarsyň.
Asyrlar içre ýaşap gelýän milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýeti dogrusynda hormatly Prezidentimiz: “Berkarar döwletimizde milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleri mize, şahyrlarymyza uly üns berilýär» diýip belleýär. Eziz Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, ruhy baýlyklarymyzy dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ösüş-özgerişlikleriň, zähmet ýeňişleriniň ýyllardan-ýyllara dowam boljakdygyna, toýlaryň toýlara ulaşjakdygyna her birimiz ynanýarys.
Agzybirligi, dost-doganlygy hemişelik ýörelgä öwren türkmen halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda, goý, hemişe küşt depip, gazal çekip, täze belentliklere tarap öňe gitsin!
Merdan NURBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.