«Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri bu ýylky gazuw-agtaryş möwsümini Beýik Ýüpek ýolunyň Zerawşan-Garagum diýlip atlandyrylýan geçelgesiniň özlerine degişli bölegini öwrenmäge bagyşlarlar.
Bu gadymy kerwen ýolunyň 210 kilometrlik, ýagny, Amul şäheriniň harabalygyndan Merwe çenli biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän Gündogar bölegi Lebap we Mary welaýatlarynyň goraghanalarynyň hünärmenleriniň arasynda deň paýlanyldy.
Maryly arheologlaryň öňünde söwda kerwenleriniň dem-dynç alan hem-de daşy goralyp, pena tapan galalaryny ylmy taýdan öwrenmek işleri durýar. Şol kerwensaraýlaryň harabalyklary Türkmenistanyň milli taryhy we medeni mirasynyň döwlet sanawyna girýär. ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmek üçin bu ýadygärlikleriň gutarnykly teklipnamalaryny ýakyn wagtlarda taýýarlamak – «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ylmy işgärleriniň şu günlerki esasy aladalarydyr.
- Biz üç sany kerwensaraýy, at-Tahmalaj düşelgesini we orta asyrlara degişli Kuşmeýhan şäherini öwrenmeli – diýip, binagär Annamyrat Orazow söhbete başlaýar. –Elbetde, bu taryhy ýadygärlikleri ilki açan biz däl. Geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynda akademik Mihail Ýewgenýewiç Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta-Türkmenistan arheologiki toplumlaýyn ekspedisiýasynyň (GTATE) ýörite topary Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny ilkinji bolup öwrendi. Şol işleriň netijesinde 1966-njy ýylda Aşgabatda ençeme ylmy makalalar we «GTATE-niň maglumatlary» aýratyn bir tomluk görnüşde neşir edildi. Biziň wezipämiz – bu ýadygärlikleriň, olaryň daş-töweregindäki desgalaryň goralyp saklanyşyny tassyklamakdan we resmileşdirmekden ybarat.
Mundan hem başga, biz soňky ýyllaryň tapyndylaryny öňki materiallar bilen deňeşdirmeli, ýerli ilatyň hojalyk, ekin meýdanlarynyň, kommunikasiýa we gurluşyk işleriniň bu desgalara näderejede ýakynlaşandygyny anyklamaly. Döwrebap GPS gurallary arkaly monografiki suratlary düşürmeli, çäkleriň takyk salgylaryny kesgitlemeli. Bu ýadygärlikleriň ählisi XI-XII asyrlara – Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwrüne gabat gelýär. Şolaryň käbirleri, mysal üçin Akjagalanyň durky gowy saklanypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýlar umuman aýdylanda şol bir meýilnama boýunça gurlupdyr. Olaryň howlusynyň içinde ýolagçylar üçin jaýlar, mallar, harytlar, ýükler üçin bolsa bassyrmalar salnypdyr. Ýöne seljuklar döwründäki kerwensaraýlaryň biri beýlekisine meňzemeýär, hersiniň gündogar-horasan binagärlik mekdebiniň däplerine eýerýän öz aýratynlygy bar. Goraghananyň esasy wezipeleriniň biri hem jahankeşdeleri şol ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşdyrmakdyr.
1999-njy ýyldan bäri «Gadymy Merw» goraghanasynyň – Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Uly we Kiçi Gyzgala ýaly birnäçe ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizildi.
Wladimir FROLOW
Çeşme: https: «Altyn asyr» elektron gazeti