Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamyna kabul edilmegiň resmi dalaşgäridir

ÝUNESKO-nyň kätipligi «Dizaýn» kategoriýasynda ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherler ulgamyna girmek üçin Aşgabadyň dalaşgärlige teklipnamasyny kabul etdi.

Bu teklipnama ýakyn wagtda garaşsyz bilermenler tarapyndan öwrenilip, bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda bellenýän Bütindünýä şäherler gününiň baýram edilmeginiň bosagasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktory tarapyndan yglan ediler.

ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamy medeniýete we sosial integrasiýa maýa goýmaga taýýar şäherleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki günlerde oňa 246 şäher girýär.

Bu ulgam öz işini ýedi ugur boýunça alyp barýar: «Senet we folklor sungaty”, “Dizaýn”, “Film”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Köpçülikleýin habar beriş” we “Saz”. Hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolan bu ulgam Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredijilik hem innowasion mümkinçilikleri goldamaga umumy ymtylyşy aňladýar.

Meňzeş habarlar