Türkmenistan we ÝUNESKO: Merwden Nusaýa çenli

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek dünýä ähmiýetli ýadygärlik bolan Gadymy Merw 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.Bu taryhy ýadygärligi gorap saklamak boýunça degişli işler palçykdan ýasalan arhitektura ýadygärlikleri gorap saklamagyň Halkara merkezinden gelen hünärmenler hem-de London uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň ekspedisiýasynyň gatnaşmagy netijesinde amala aşyryldy. Ol ýerde alnyp barylan işleriň üsti bilen ýerli hünärmenler palçykdan ýasalan ýadygärlikleri gorap saklamagyň usullaryny, tärlerini öwrendiler.

Nagyşly kerpiç örümleri görnüşindäki bezegler barada-da şulary aýtmak bolar. Soltan Sanjaryň kümmetindäki bu bezegler mundan öňki-Dehistandaky Şir-kebir metjidiniň (X-XI asyrlar) ýa-da Sarahsdaky Ýartygümmez kümmetiniň (XI-XII asyrlar) goşmaça gurlan jaýlarynyň şeýle bezeg nagyşlary döredijilikli täzeden işlenilip ýerine ýetirilipdir.

Soltan Sanjaryň kümmetiniň diňe bir täsin orta asyr arhitektura-binagärlik ýadygärligi bolman, eýsem, onuň gadymy türkmen döwlet durmuşynyňam özboluşly nyşany hökmünde belende galyp durandygyny nazara almak bilen onuň gaýtadan dikeldilmegi meselesine türkmen halkynyň hormatly, mertebeli-derejeli wezipesi hökmünde örän çynlakaý seredildi, çünki bu kümmet türkmen-seljuk döwletiniň iň meşhur soltanlarynyň biri bolan Sanjaryň ady bilen baglanyşykly bolup durýar.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna öz baý arhitektura ýadygärlikleri bilen 2005-nji ýylda Gadymy Köneürgenç hem girdi. Türkmen hünärmenleri Köneürgenjiň ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça belli bir derejede tejribe topladylar. Olar «Köneürgenjiň medeni gurşawyny ösdürmek» atly taslamanyň çäginde, bişen kerpiçden gurlan arhitektura ýadygärlikleri dikeltmek (restawrasiýa) boýunça geçiren işlerinde gadymy nusga meňzedip ençeme garyndylary ulanypdyrlar.

2007-nji ýylda Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň XXI sessiýasy geçirildi. Sessiýada türkmenleriň beýik Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty bolan Köne Nusaý galasynyň bu abraýly guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada habar berildi. Bu waka türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna aýratyn goşandynyň bardygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy ýadygärliklere we gadymyýetiň taryhy ýadygärliklerine örän baýdyr. Diňe bir ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynyň özüne gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ýaly täsin ymaratlar girizildi. Şol sanawa ýene köp ýerleriň atlaryny, mysal üçin, Änew medeniýetini, gadymy Dehistany, tebigy ýadygärlikler bolan Köýtendagyň gözelligi boýunça haýran galdyrýan gowaklary, dinozawrlaryň yzlary, Bathyz, Garagum çöli, Hazar deňziniň kenarýakasy ýaly ýerleriň we heniz öwrenilmäge we barlanylmaga degişli bolan ençeme beýleki ýerleriň atlaryny goşmak bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýokarda agzalyp geçilen daşky gurşawa amatsyz şertlerden we hadysalardan ýadygärliklerimizi gorap saklamak maksady bilen ýurdumyzyň köpsanly taryhy-medeni mirasyň obýektlerinde rejeleýiş işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda umumadamzat gymmatlyklary bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň esasy merkezlerine – Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Kerki, Köne Sarahs, Gadymy Dehistan, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärliklerimize döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýen derejäniň berilmegi halkymyzyň öz taryhyna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Şeýle goraghanalaryň hatarynda Jeýtun medeniýeti zamanyndan başlanyp tä XVIII asyra çenli aralyga degişli ýadygärlikleri goýnunda jemleýän, 1982-nji ýylda döredilen Nusaý taryhy-medeni goraghanasyny, 1993-nji ýylyň 1-nji aprelinde döredilen, çäginde Altyndepe, Namazgadepe, Ulugdepe ýaly taryhy ýadygärlikler, Abiwerd şäheriniň galyndysy, Mäne Babanyň kümmedi ýerleşýän Abiwerd döwlet taryhy-medeni goraghanasy, 1991-nji ýylyň 8-nji awgustynda döredilen Sarahs döwlet taryhy-medeni goraghanasyny, 1987-nji ýylyň 2-nji dekabrynda esaslandyrylan, Hojaýusup Hemedanynyň metjidini, Gäwürgala, Erkgala, Soltangala, Abdyllahan gala, Uly we Kiçi gyzgala ýadygärliklerini özünde jemleýän gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasyny, 1985-nji ýylyň 17-nji maýynda döredilen, tutýan meýdany 648 gektar, içinde 20 töweregi binagärlik we arheologiýa ýadygärliklerini gujagyna dolup oturan Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasyny, 1991-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda döredilen, çäginde Ödeýdepe, Beggala, Beşirgala,  Zöhre-Tahyryň köşgi, Amul gala,  Soltannyýazbegiň galasy ýaly irki döwrüň ýadygärlikleri, meşhur Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar kümmetleri, meşhur Idris baba medresesi ýerleşýän Kerki döwlet taryhy-medeni goraghanasy, edil şol günde esaslandyrylan, Madawdepe, Yzzatguly, Beňňiwan ýaly has irki döwrüň ýadygärliklerini toplan Dehistan döwlet taryhy-medeni goraghanasyny, 1992-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda döredilenGökdepe döwlet taryhy-medeni goraghanasyny aýratyn bellemek gerek.

Bu ýadygärlikleri wagyz etmek, nesillerden-nesillere geçirmek, aýawly gorap saklamak ýagny, olaryň ýok edilmeginiň, weýran edilmeginiň, peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň bozulmagynyň we beýleki hereketleriň öňüni almak, şeýle hem daşky gurşawa amatsyz täsirden we beýleki ýaramaz täsirlerden olary goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Aýsoltan HOJAMBERDIÝEWA,

«Türkmennebit» Döwlet konserniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ýolbaşçysy:

Gylyçmämmet HOJAGULYÝEW,

«Türkmennebit» Döwlet konserniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar