Merw – ýyldyz bolup lowurdaýan gadymy şäher

Grek çeşmelerinde «Margiana», gadymy pars ýazgylarynda «Marguş», otpazarlaryň mukaddes kitaby «Awestada» bolsa «Mouru», orta asyrlarda «Horasan şäherleriniň enesi» ady bilen tanalýan Merw dünýä alymlarynyň ykrar etmekleri boýunça Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý siwilizasiýalary bilen birlikde dünýäniň gadymy bäşinji medeniýet ojagy hasaplanylýar. Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Merw Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasy bolup hyzmat edipdir. Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw, Bagdat, Kair, Şam (Damask) ýaly yslam dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr.

Arap we pars dillerinde ýazylan orta asyr ýazuw çeşmelerinde Merw barada gymmatly maglumatlar berilýär. Onuň orta asyrlardaky ýagdaýy barada bu şähere gelen arap, pars alymlary Istahry, Makdisi, Ýakut Hamawy, Ibn Esir we beýlekiler öz işlerinde ýatlapdyrlar. Bu şäher barada aýratyn köp maglumatlary IX-X  asyrlaryň geografik arap ýazuw çeşmelerinde tapmak bolýar. Mysal üçin, dünýäniň köp ýurtlaryna, şol sanda Eýrana, Merkezi Aziýa, Hindistana we Hytaýa syýahat eden IX asyryň meşhur arap taryhçysy we geografy al-Ýakubyň «Kitap al-Buldan» («Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Merw barada gymmatly we täsin maglumatlar bar. Ol Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar.

X asyryň meşhur «Hudud ul-Älem» («Dünýäniň serhetleri») kitabynda Merwiň iri şäherdigi we gadymy döwürlerde Horasan hökümdarynyň köşgi bolandygy barada habar berilýär. Merw taryhda gadymy belli iri şäher bolmak bilen  çäklenmän, eýsem, onuň meşhur kitaphanalary hem dünýä alymlaryny özüne çekipdir. IX asyryň aýaklarynda we X asyryň başlarynda halyf Harun ar-Reşidiň özi dünýäde seýrek duş gelýän kitaplary okamak üçin Merwe birnäçe gezek gelipdir.

Merwiň belli kitaphanalary barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Merw kitaphanalary barada arap alymy Ýakudyň: «Men Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanyny bardy. Men bütin dünýäni aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim. Meniň ol kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan çykarmaga mejbur etdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem kesä sowýardy» diýen ýatlamalary mysal getirmek isleýärin». Ýakudyň bu sözleri orta asyryň kuwwatly şäheri bolan Merwiň at-abraýynyň juda ýokary bolandygyny subut edýär.

Merw Beýik Seljukly türkmenleriň imperiýasynyň paýtagty bolmak bilen, ol ep-esli wagtlap musulman dünýäsinde Bagdatdan soňky ikinji derejeli ylmy we medeni merkez hasaplanypdyr. Munuň şeýledigine, eger halyfatyň paýtagty Bagdady göz öňünde tutmasaň, orta asyrlar döwründe Yragyň, Eýranyň, Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň möhüm ylmy we medeni merkezleri bolan Reý, Nişapur, Balh, Hyrat, Gazna, Buhara, Samarkant, Köneürgenç ýaly şäherleriniň hiç birinde Merwdäki ýaly köpsanly kitaphanalaryň döredilmändigine göz ýetirýärsiň. Ýakudyň mysalynda görşümiz ýaly, Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary ylym-bilmiň ösmegine uly itergi beren ylmy ojaklar bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde olar türkmen ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hem naýbaşy sahypalaryny emele getirýärler.

Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, ýagny ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Milli Liderimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Ýurdumyz bu abraýly guramanyň 1993-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasydyr. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä maddy mirasynyň sanawyna taryhy ýadygärlikleriň üçüsi – Gadymy Merw (1999 ý.), Köneürgenç (2005 ý.), Nusaý (2007 ý.) girizilen bolsa, Adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna «Görogly» şadessany (2015 ý.), «Küştdepdi» aýdym we tans dessury (2017 ý.), Türkmen milli halyçylyk sungaty (2019 ý.) girizilendir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda umumadamzat medeniýetine goşant goşan maddy hem-de maddy däl medeni miraslarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak we olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni miraslarynyň sanawyna girizmek babatda uly işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistan Milli toparynyň mejlisinde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem häzirki wagtda «Ahalteke atlary seýislemek sungatyny» we «Türkmen alabaýlary ýetişdirmek sungatyny» bu sanawa girizmek boýunça hödürnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Beýik işleriň gözbaşynda durup, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat TEJENOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar