ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak hakyndaky Konwensiýalarynda häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy we bellige alyndy. Şolaryň içinde Türkmenistanyň goraghanalarynyň çägine degişli ýerler hem bardyr.
Ýurtlaryň we sebitleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini, tebigy landşaftlaryny öwrenmek, goramak we dikeltmek üçin aýratyn gorag meýdanlary döredilýär. Türkmenistanyň goraghanalary Türkmenistanyň milli buýsanjydyr, olarda ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň esasy genefondy jemlenendir. Olar haýwanat, ösümlik dünýäsini goramak, dikeltmek, şeýle hem öz öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin amaly maslahatlary işläp taýýarlamak maksady bilen ylmy-barlag we synag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite kararynyň esasynda guralýar.
Günorta-gündogar Türkmenistanyň Köýtendag gerşi depesi garly, şypaly çeşmeleriň, owadanlygy bilen haýran edýän derýahanalarynyň, gözel şaglawuklaryň, ýaşy asyr aşan daragtlaryň we gadymy eýýamlarda ýaşan haýwanlaryň yzlarynyň daşa öwrülip giden ýerleriniň mekanydyr. Şeýle ajaýyp ýerler bilen diňe bir türkmen bilermenleri gyzyklanman, eýsem dünýäniň çar künjünden bilermenler hem gyzyklanýar.
Köýtendagyň täsinlikleri barada belläp geçsek: köp sanly jülgelerdir-dereler, (olaryň iň uzyny Hojaçilgizbaba 28-km), has owadany çuňlugy 600 metr çemesindäki Daraýderedir. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp geçýär. Belentligi 27 metr bolan täsin şarlawyk ýerleşýän, eňňitleriň kert Ummardere jülgesi görenleri haýran edýär. Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent çäkli goraghanalary degişli.
Köptaraplaýyn Garlyk çäkli goraghanasy dünýä meşhur Garlyk gowaklar toplumy, melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesini, kör balygyň ýaşaýan ýerasty kölini, Sinjir, Ketteköl, Abdere, Bulakdere ýaly çuň we gözel jülgeleri özünde jemleýän täsin ýerler bar. Hojapil çäkli goraghanasynda Aýgyr, Horjun ýaly ýerasty kölleri, “Kyrkgyz” gowagyny şeýle-de dünýä bilermenlerini birnäçe ýyllap haýran galdyran 2500-den gowrak dinezawrlaryň yzlary bardyr. Bilermenleriň aýtmagyna görä dinezawrlar 150 million ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar. Ol yzlaryň diametri 70-80 sm deňdir. Şol ullakan yzlaryň ýanynda ownujak uzynlygy bary ýogy 45 sm bolan yzlar uly ylmy gyzyklanma döredýär. Megerem, bu yzlar dinozawrlaryň çagalarynyň yzlary bolsa gerek. Hojaburjybelent tebigy çäkli goraghanasy Sakyrtmany, Hojaburjybelendi, Tahtadagy öz içine alýar.
Ösüş-özgerişlere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdymyzyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek barada edýän atalyk işleri netijesinde, Türkmenistanyň taryhynyň baýdygyny, tebigatynyň köpdürlidigini we medeniýetiniň ýokary derejede ösendigini görkezýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we röwşen boljakdygyna güwä geçýär.
Begenç GYLYJOW,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby.