Türkmenistan – ÝUNESKO: Giň gerimli hyzmatdaşlygyň esaslary

Türkmenistan döwletimiziň 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany tassyklamak arkaly BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Ýurdumyzyň bu guramanyň kabul edýän bilim, ylym we medeniýet ugurlaryny öz içine alýan onlarça konwensiýalaryna goşulmagy hem olaryň arasyndaky ýola goýlan giň gerimli hyzmatdaşlygyň hukuk esasynyň berkemegine ýardam berýär. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlary bilim, ylym we medeniýet ugurlaryny öz içine almak bilen bir hatarda, medeni diplomatiýa arkaly bütindünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr.  

Men hem şu ýerde esasan-da, ÝUNESKO-nyň “Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň okuw kurslaryny, ýokary bilim hakyndaky diplomlaryny we alymlyk derejesini ykrar etmek” baradaky konwensiýasy barada giňişleýin durup geçesim gelýär.

Bu konwensiýa  1979-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Pariž şäherinde  kabul edilýär. Türkmenistan döwletimiziň hem bu konwensiýa 1996-njy ýylda agza bolmaklygy netijesinde, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň çägi ýylsaýyn giňelýär. Ýurdumyzyň talyplaryny okatmak işi gazanylan halkara we hökümetara ylalaşyklaryň esasynda Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýollanmasy boýunça amala aşyrylýar. Türkmenistan diňe bir Ýerwopanyň däl eýsem-de, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýup, şu döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy.

Bilim almaga bolan hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamynda alnyp barylýan işler 2013-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň “Bilim” hakyndaky kanuny esasynda düzgünleşdirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň bu konwensiýa goşulmagynyň esasy maksady: häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen diňe bir Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen ýaşlarynyň öz bilimlerini, hünärlerini artdyrmaklaryna giň mümkinçilik döretmekden ybaratdyr. Şol bir wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleriniň aglabasynda, şol sanda Angliýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Beýik Britaniýada, Rumyniýada, Wengriýada we beýleki birnäçe döwletleriň ýokary okuw jaýlarynda biziň talyp ýaşlarymyz öz ugurlary boýunça hünärlerini, bilimlerini artdyrýarlar. Munyň özi ilki bilen halkara bilim giňişligindäki hyzmatdaşlygy has hem berkidýär.

Ikinjiden, Türkmenistanda önüp-ösüp, terbiýelenen ýaşlaryň  beýleki ýurtlarda bilim almagy baran ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribesi bilen içgin tanyşmagyna uly mümkinçilik berýär. Diňe bir okuw ulgamynda däl-de, eýsem, bilim almaga baran döwletleriniň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, dili şeýle-de medeni gymmatlyklary, binägärlik sungaty we başga-da birnäçe gözellikleri, myhmansöýerligi, kada-kanunlary bilen ýakyndan tanyşmaga, dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge uly ýardam berýär.

Daşary ýurtlarda okap, bilim alyp gelen ýaşlar bilim alan ýurdundaky alan tejribesini biziň ýurdumyzda hem ornaşdyrmaga ýagny, tejribe alyşmakda-da örän uly ähmiýeti bardyr. Bu konwensiýalar hem şeýle işleri durmuşa geçirmekde uly ýardam we hak-hukuk berýär. Bu konwensiýalara goşulmagyň özi eýýäm doly hukukly agza hökmünde Türkmenistana şol ugurdaky hyzmatdaşlygy has giňişleýin ösdürmäge, ýaýbaňlandyrmaga, işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikler döredýär.  Şu konwensiýanyň esasynda ýurdumyzda “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdiriji” hereket edýär.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim alan ýaşlar ýurdumyza şol mekdepleriň ýokary bilim alandygy hakyndaky resminamasy bilen gaýdyp gelýär. Şol resminamalar  “Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň okuw kurslaryny, ýokary bilim hakyndaky diplomlaryny we alymlyk derejesini ykrar etmek” baradaky konwensiýasy ýaly birnäçe konwensiýalardan gelip çykýan borçlar esasynda, biziň ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan degişli tertipde resmileşdirilýär.

Türkmenistanyň bu konwensiýanyň agzasy bolmagy ýaşlaryň bökdençsiz, ikirjeňlenmezden daşary ýurtlarda bilim almaga soňra watana dolanyp gelip, bilim alan ýurdunda toplan tejribelerini biziň ýurdumyzda hem ornaşdyrmak mümkinçiliklerini döredýär.

Elbetde, munuň özi örän möhüm bolmak bilen bu konwensiýanyň ähmiýetiniň has hem ýokarlanmagyna getirýär. Ýurdumyzda hem şu ugurdaky işleri  ösdürmekde ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şol bir wagtda başga-da birnäçe konwensiýalara agza bolmak arkaly beýleki döwletler bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň hukuk esasynyň has hem berkemegine esas bolýar.

Bilim ulgamynda dünýä döwletleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen daşary ýurtlaryň diplomatik akademiýalarynyň we institutlarynyň arasynda baglaşylan ähtnamalary we ylalaşyklary görkezmek bolar. Ýaňy ýakynda, ady agzalan konwensiýanyň esasynda 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýewropanyň Mümkinçilikler we howpsuzlyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýyl diplomy ykrar edilýän daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleriniň sanawy taýýarlanylýar. Şol sanaw 2021-nji ýyl üçin hem düzüldi we bu sanawa dünýäniň köp sanly ýokary okuw mekdepleri girizildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-sy şol sanda ÝUNESKO-nyň medeniýet bilen bir hatar-da esasy maksatlarynyň biri bolan bilim ulgamynda ýola goýulýan giň gerimli işleriň has hem işjeň ösdürilýändigi görmek bolýar. Bu ugurda alnyp barylýan işlere biz ýaşlar hem öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys. Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýüzünde alyp barýan işlerinde ýaşlar syýasatyna uly üns bermegi, biz ýaşlaryň ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ussat hünärmen bolup ýetişmegimiz ugrunda edýän atalyk aladalary diýseň begendirýär.

Goý, türkmeniň medeni mirasyny gorap saklamakda, ylym, bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has hem berkitmekde uly işleri durmuşa geçirýän mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hatyja DÖWLETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

Meňzeş habarlar