Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi

Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip nygtady hem-de edermen gallaçylara, ähli oba zähmetkeşlerine täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, “bismilla” bilen ýerlerde ilkinji bugdaý desselerini ordular.

Olar: “Çäjiňe bereket!” diýen hoşniýetli sözler bilen oraga başlap, nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bereketli”, “Ýolöten-1», “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Goşant”, “Miras”, “Rowaç”, “Hasylly” hem-de “Watan” ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “СLAAS”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda, gije-gündiz alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.