4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň şu ýylyň bäş aýynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdiler. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,1 göterim möçberde boldy. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar bellenen möçberde gurlup ulanmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam edýär.
Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi we mejlise gatnaşyjylara galla oragynyň alnyp barlyşyny, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny ýerinde baryp görmek maksady bilen, şu aýda ähli welaýatlarda saparda bolmagy tabşyrdy. Şeýle hem iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmäge häzirden taýýarlyk görüp başlamak barada görkezme berildi. Bu mejlisde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediler.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi hem-de geçen bäş aýda alnyp barlan işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.