Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Şu gün hem milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Daň säherde welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem milli parlamentiň iki palatasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň sowgat beren welosipedlerine erk edýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem bar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaňlanan aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, şol sanda sport ulgamynda ýeten belent sepgitleri wasp edildi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri, seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hemişekisi ýaly, ajaýyp fiziki taýýarlygyny hem-de ýokary sport ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, ýetginjeklik ýyllaryndan berkarar bolan ýörelgelerine eýermek bilen, bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hemişe uly üns berýär.

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýändigi şübhesizdir. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär. Kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetiňi taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Milli Liderimiz munuň şeýledigini özüniň şahsy göreldesi bilen tassyklap, watandaşlarymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyrýar, şeýle hem mähriban ülkämiz boýunça gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga, tebigatyň ajaýyp künjeklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär.

Galyberse-de, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Munuň özi bolsa adamyň bedeniniň möwsümleýin sowuklama we beýleki kesellere üstünlikli garşy durmagyny üpjün edýär. Lukman hünärmenleriň pikirine görä, welosiped netijeli kardiotrenažýordyr. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär.

Welosipedçiler myşsalaryny türgenleşdirip, bedeniň ganaýlanyşyny gowulandyrýarlar, aýaklaryň aýlawly hereketleri ganyň damarlarda durup galmagyna mümkinçilik bermeýär. Welosipedde gezelenç etmek göz myşsalaryny türgenleşdirmek babatda hem peýdalydyr. Welosipedçi hemişe öňe seredip, ýola üns bermeli bolýar, nazaryny bir zatdan beýleki bir zada geçirýär. Şeýle maşk şowalygyň ösmegini peseldýär.

Welosiped sporty kaloriýalary sarp etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şunda bedene zor salmak zerur däldir. Yzygiderli türgenleşikler bedende madda çalşygyny gowulandyrýar we agramyňa gözegçilik etmäge kömek berýär.

Ylmy barlagyň görkezişi ýaly, welosiped sürlende edilýän sazlaşykly hereketler we kadaly dem alyş ýadawlygy çykarmagyň ajaýyp usulydyr. Welosipedli gezelenjiň ugry täsin we ajaýyp künjeklerden geçýän bolsa, ol şähdiňi açýar.

Şeýlelikde, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigatyň gözelliklerine we ajaýyplyklaryna syn etmäge mümkinçilik berýär. Halkara pikir alyşmalaryň netijesinde welosipediň adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlarynyň biri hökmünde ykrar edilendigi tötänden däldir. Arassa howada, aýratyn hem säher çagynda gezelenç etmek goşmaça güýç-gaýrat, ylham berýär.

2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjynyň örän wajypdygyna hem-de möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Köpöwüşginli sport lybasyndaky welosipedçileriň hatary Aşgabadyň giň şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Bu ýollaryň ugrunda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ajaýyp binalar peýda boldy. Paýtagtymyzyň giň we ýagty şaýollary, täsin ýaşyl zolaklardyr seýilgähler, gül aýmançalary, özboluşly suw çüwdürimleri gözüňi dokundyrýar.

Welosipedçileriň hatary gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady. Milli Liderimiz bellenen ýoly ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň saglyk hem-de hemmetaraplaýyn kämilleşmek üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.

* * *

Şol gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde, sagdyn we işjeň durmuş kadalary Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň esasy ýörelgesine öwrülip, ähli ýaşdaky adamlary bir maksadyň töwereginde jemledi.