Üns beriň, bäsleşik!

Gepleşigi we ösüşi ilerletmek maksady bilen, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) ýene-de «Ýüpek ýol – ýaşlaryň gözi bilen» atly halkara fotobäsleşigi geçirýär.

Bu, 14 – 25 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin öz döredijiligini paýlaşmak, Ýüpek ýolundaky möhüm medeni hyzmatdaşlygy nygtaýan fotosuratlaryň kömegi bilen döredijiligini, indiwiduallygyny görkezmäge taýsyz mümkinçilikdir. Bäsleşigiň wezipesi Beýik Ýüpek ýolunyň içinden geçýän ýurtlaryndaky ýa-da şu taryhy ugur boýunça syýahat edýän ýaşlaryň fotosuratlaryny Ýüpek Ýolunyň taryhy goşandyny nygtaýan gural hökmünde ulanmaga höweslendirmekden ybaratdyr.

Şu ýylky fotosuratlar Ýüpek ýolunyň umumy mirasyny iki tema boýunça ýüze çykarmalydyr: dokma we geýim; COVID-19 döwründe medeniýetler arasyndaky, şol sanda dokma we geýim pudagynda alyş-çalyşlar görkezilmelidir. Ýaş fotograflar dowam edýän pandemiýa zerarly dünýäniň medeniýetleriniň arasyndaky alyş-çalyş nukdaýnazaryndan başdan geçiren köp özgerişliklerini surata düşürip bilerler. Dokma pudagynyň agyz-burun örtükleriniň biçüwindäki we öndürilişindäki möhüm orny munuň gönüden-göni mysalydyr.

Talapnamalar silkroadsphotocontest@unesco.org elektron salgy boýunça 2021-nji ýylyň 24-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň ruhuny has doly beýan edýän iň gowy 50 surat göçme sergä giriziler. Ol dünýäniň dürli küjeginde açylar. 2018-nji ýylda bu serginiň «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: Häzirki we geljekki ösüş» atly halkara konferensiýanyň çäginde Türkmenistanda-da bolandygyny bellemek gerek.

Meňzeş habarlar