14-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we umumadamzat gymmatlygy” atly onlaýn webinary geçirildi. Webinara Halkara gatnaşyklary institutynyň we birnäçe baýry ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky milli toparlarynyň wekilleri sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowanyň alyp barmagynda geçirilen webinaryň başynda institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Webinaryň barşynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, ÝUNESKO-nyň Pariždäki Aziýa Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň başlygy Andreý Şewelew, ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebitleýin edarasynyň müdiri Swetan Swetowskiý dagy çykyş etdiler. “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we umumadamzat gymmatlygy” atly webinaryň umumy mejlisinde ÝUNESKO-nyň milli komissiýasynyň wekilleri we birnäçe daşary ýurtly ylmy işgärler Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli dürli mowzuklarda täsirli çykyş etdiler.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.