Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, Watan diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek, bu ugurda döredijilige höwesli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olary türkmen halkynyň milli mirasyny sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna uly itergi berdi.
Ýurdumyzda şeýle döredijilik bäsleşikleriň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulnur Pirjikowa mynasyp boldy. 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ýolaman Mämmedow, 2-nji orunlara degişlilikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Hatyja Döwletnazarowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulbibi Mämmetgurbanowa, 3-nji oruna bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Sona Halykowa dagylar mynasyp boldular.
«Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly geçirilen döredijilik bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Ýaşlaryň Hak Howandary Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Aýşirin ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni.