Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

21-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Ýerine ýetiriji geňeş Assambleýa bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýolbaşçy edarasy bolup durýar.

Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermekden hem-de ylmy barlag we tebigat, umman serişdeleri we kenarýaka sebitler baradaky bilimi giňeltmegiň mümkinçiliklerini berkitmek bilen bagly meýilnamalary utgaşdyrmakdan, şeýle-de bu bilimleri deňiz gurşawyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we ony goramak üçin peýdalanmakdan, durnukly ösüşi üpjün etmekden we agza döwletleriň kararlary kabul etmek işlerini ýeňilleşdirmekden ybarat.

Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanylmagy döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen sazlaşykly utgaşýan ekologiýany, suw we ýer serişdelerini goramak boýunça halkara we sebit hereketlerine işjeň gatnaşmak babatda ýurduň tagallalarynyň ýene bir aýdyň tassyknamasydyr.

Meňzeş habarlar