Ýaşlar – ýurdumyzyň ýüregi

Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene-de bir ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara şaýat bolan bu bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşan ýaşlara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bäsleşigi gurnaýjy wekilleriň ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Çynar RÜSTEMOWA,

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary:

–  Dünýäde emele gelen käbir şertlere görä we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ikitaraplaýyn onlaýn formatda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijesinde türkmen tarapy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny öňe sürdi. Häzirki wagtda Milli toparyň hem-de onuň Sekretariatynyň öňünde uly göwrümli, köptaraplaýyn işleri anyk ugurlar we netijeler arkaly alyp barmak ýaly takyk wezipeler durýar. Şoňa laýyklykda, Milli toparyň Sekretariaty ýurdumyzyň degişli pudaklary bilen bilelikde taryhy, medeni we tebigy gymmatlyklarymyzy Adamzadyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin dürli ugurlar boýunça 13 sany milli we 3 sany köptaraplaýyn täze hödürnamalary taýýarlamak işlerini işjeň ýagdaýda alyp barýar. Olaryň hatarynda hut şu ýylyň içinde Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ýaly türkmen medeniýetiniň gadymy nusgalaryny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşige işjeň gatnaşan ýaşlarymyzyň ýazan makalalaryndan olaryň milli gymmatlyklarymyza, medeni mirasymyza uly sarpa goýýan kämil nesiller bolup ýetişjekdiklerine ýene bir gezek göz ýetirdik.

Meňzeş habarlar