Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene-de bir ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara şaýat bolan bu bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşan ýaşlara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bäsleşigi gurnaýjy wekilleriň ýürek buýsançlaryny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.
Ýazpolat KERIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary:
– ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň maddy däl taryhy we medeni mirasyny goramak we dikeltmek baradaky işler has ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda köp sanly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» ady bilen geçirilen dabaralar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisinde diýen ýaly beýan edilip, olarda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-baba ýörelgelerimiziň, ene-mamalarymyzdan galan milli el işleriniň waspy belentden ýetirilýär. Netijede, köküni gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyzyň medeniýeti, sungaty we milli gymmatlyklary bu günki gün tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly bäsleşige talyp ýaşlarymyzyň hödürlän eserlerinde bu aýdylanlar öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bäsleşigiň ýeňijileri bolmagy başaran bagtyýar talyplara üstünlikleri arzuw edýäris!