Türkmenistan – ÝUNESKO: Ýürege ýakynlaşýan ýollarda

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Biz häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek sungaty öwrenijiler we mirasgärler üçin esasy wezipeleriň biridir.

Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene-de bir ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara şaýat bolan bu bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşan ýaşlara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bäsleşikde Baş baýraga mynasyp bolan Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Hasap we audit» fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnur Pirjikowanyň ýazan makalasyny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Berkararlyk binýady berkden tutulan Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşleriň belent derejesine çykarýan Hakdan halatly, köňli sahawatly Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň barmak basyp sanardan kändigi hemmämize mälimdir. Geçmişine, taryhyna uly sarpa goýýan türkmen halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda ÝUNESKO Türkmenistan döwletimiz bilen giňden hyzmatdaşlyk alyp barýar. Häzire çenli medeni hem-de taryhy gymmatlyklaryň hataryna girýän üç sany iri taryhy-medeni goraghanalar – “Gadymy Merw” (1999ý.), Köneürgenjiň ýadygärlikleri (2005ý.), Nusaý galalary (2007ý.) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şol sanda «Görogly» dessançylyk sungaty, (2015ý.), “Küştdepdi aýdym we tans dessury” (2017ý.), şeýle-de Türkmen milli halyçylyk sungaty (2020ý.) ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendir. 2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 – 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynda, şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnamanyň bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagynyň meselesine hem seredilip geçilipdi. Bu barada, şeýle hem guramanyň alyp barýan işleriniň geljegi hakynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa öz metbugat çykyşlarynda şeýle belleýär:

Häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. 2021-nji ýylyň ahyryna “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlarynyň we türkmen alabaýlarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen hödürnamany taýýarlamak hem Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda “Türkmen keçe sungatyny” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky hödürnamany taýýarlamak ugrundaky tagallalar halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty türkmen halkynyň gadymdan bäri gelýän, ata-babalarymyzdan miras bolup, häzirki günlerimize çenli nesilden nesile geçip gelen senetleriniň biridir.

Türkmen halky aýdym-saza, bagşa, sazanda uly hormat goýýar. Onuň medeni durmuşynda bagşylaryň orny örän uly bolansoň, halk öz bagşylary barada ajaýyp halk döredijilik eserlerini döredipdir. Babagammar, Aşyk aýdyň ýaly beýik şahsyýetler barada dilden-dile geçip gelen rowaýatlar, “Nejep oglan”, “Şükür bagşy” ýaly dessanlar, Girman bagşy, Jepbar Hansähet, Pürli Sary, Magtymguly Garly,  Han Aky, Nurberdi Gulow, Sahy Jepbar, Mylly Täçmyrat, Orazgeldi Ylýasow, Gulbaba, Ilaman Anna, Tüýli Otuzow, Akjagül Myradowa, Oguljan Makyýewa, Gurt Ýakup,...  ýaly türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen atlaryny ýazdyran ägirtler baradaky ýakymly ýatlamalar halkyň hakydasynda müdimi ýer eýeländir. Olarda bagşyçylyk sungaty, olaryň halk arasyndaky şöhraty barada gürrüň edilýär. Türkmeniň öz milli saz-sungatynyň sarpasyny hemişe belentde saklap gelendigine, türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaýybynyň Buhara emiriniň huzurynda aýdan “Gelende bardyr” atly şygyryndaky şu setirler hem doly şaýatlyk edýär:

Saz bilen söhbeti ýaman diýmäňler,

Adam ata dünýä gelende bardyr.

Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyň arasynda “Ozan” ady bilen adygan kär bolupdyr. Ozanlaryň öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ýerine ýetiripdirler. S. Demidowyň barlag etmegine görä, XI-XVI asyrlarda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalýan Ahsan şih Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen Söýünhany türkmenleriň meşhur oguznamaçysy bolupdyr. Onuň repertuaryndaky oguznamalaryň golýazmasyny soňra Hywa hany Abulgazy özüniň “Türkmenleriň şejeresi” diýen işine girizipdir. Öz ýaşan döwürleriniň her hili kynçylyklaryna döz gelip, halkyň taryhynyň ajy we süýji günlerini, olaryň ýüregindäki arzuw-isleglerini, geljege bolan umytlaryny öz aýdymlarynda jemlän, bu bagşy-sazandalar gapma-garşylykly ýowuz wakalaryň beýanyny soňky nesillere miras galdyrypdyrlar. Şeýle halypa bagşylaryň atlary halk arasynda rowaýata öwrülipdir. Rowaýatlar bolsa, dilden-dile, nesilden-nesile geçip, häzirki döwre çenli gelip ýetipdir. Halkymyzyň uzak taryhyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr-sazlara uly ornuň degişlidigine professional derejede döredilen mukamlarymyz doly şaýatlyk edýär. Esasan türkmen halkynyň häzirki döwre çenli gadymdan durgunlaşan dutar (tamdyra), gyjak, tüýdük (ýedi bogun, dilli tüýdük, şadyýan tüýdük), gopuz ... ýaly saz gurallary bolupdyr. Haçanda aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda türkmen halkynyň ähli saz gurallarynyň arasyndan ilkinji bolup dutaryň owazy gulagyňda ýaňlanýar. Dutaryň has irki we gadymy gural bolany üçin bu guralyň döreýşi hakda belli bir maglumat galmandyr. Emma şu babatda dürli rowaýatlar üsti bilen käbir çaklamalar bar. Hezreti Alynyň döwründäki Babagammaryň ady bilen baglanşykly rowaýat hem şolaryň biridir. Rowaýata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyň Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iým iýmändir. Bu atyň seýsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Şeýle bir ýagdaýda ol örän ökde sazanda bolany üçin, Hezreti Alydan on gün möhlet alyp, bir dutar ýasapdyr. Babagammar atyň öňüne iým döküp, ýasan dutary bilen atyň garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül dutaryň owazyna gulagyny keýerdip, öňündäki dökülen iýme ymsynyp başlapdyr. Şeýlelik bilen ol at kem-kemden iými ysgap ýuwaşlyk bilen iýipdir. Şunlukda at ölümden halas bolupdyr. Türkmenler haçanda çaga gyzamyk ören mahalynda, oňa dutardyr tüýdügiň owazy bilen melhem-şypa beripdirler. Şu hakykatyň özi ýokarky rowaýaty anyk görnüşde hakykatlaşdyrmaga kömek edýär. Türkmen halkynyň arasynda şeýle derejä göterilen dutary Abunasry Faraby iki topara bölýär. Biri “Tanbure-ýe-Bagdad” (Bagdat tamdyrasy) ikinjisi bolsa, “Tanbure-ýe-Horasan” (Horasan tamdyrasy), “Tanbura” sözi bolsa, türkmen dilinde fonetik özgerişe sezewar bolup,  dilimizde“Tamdyra” görnüşinde aýdylýar.

Professor alym W. A. Belýaýewiň: “Türkmen sazy - bu halkyň psihologiýasyny ýüze çykarýar. Şol bir wagtyň özünde-de şol ýurduň tebigatyny şöhlelendirýär. Biz onda ýa-ha ýaýrap ýatan giň sähralaryň ýa-da öý içiniň eşretli durmuşynyň beýanyny görýäris” diýip, belleýär.

Taryhyň kynçylykly şertlerinde-de türkmenler taýpa-tireler bolup, dagynyk görnüşde ýaşan döwürlerinde-de, türkmen halkynyň milli bagşyçylyk sungaty dürli ýollar bilen ösdürilip gelnipdir. Biri-birinden aralary has üzňe türkmen tireleriniň hersine dutar çalmak, saz sungatynyň umumy ösdürilişi dürli usullar, özboluşly aýratynlyklar arkaly amala aşyrylypdyr. Şonuň üçin hem dutarçylykda we bagşyçylykda olaryň hersinde, esasan özlerine mahsus usullardyr aýratynlyklar ornaşyp gelipdir. Şeýle ýagdaýda dürli ýollar emele gelip, oňa “Bagşyçylyk ýollary” diýlip at berilipdir. Mysal üçin: “Damana ýoly”, “Ahalteke ýoly”, “Salyr-salyk (saryk) ýoly”, “Çowdur ýoly”, “Ýomut-Gökleň ýoly”, “Etrek-Gürgen ýoly” ýaly ýollar halk arasynda ýörgünli bolupdyr.

Bellenilişi ýaly, köpýyllyk özara gatnaşyklaryň netijesinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, “Küştdepdi aýdym we tans dessury” hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu halkara tor dünýä şäherleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça halkara tejribeleri alyşmak maksady bilen döredilip, häzirki döwürde 180 şäheri öz içine alýar. Şunuň bilen bir hatarda, taýýarlanylan resminamalary ÝUNESKO guramasyna ibermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň şol sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar.

Asyrlaryň dowamynda özüniň şatlygyny hem, hasratyny hem dutary bilen deň-derman bölüşen türkmen milleti üçin bagşyçylyk sungaty durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Mundan birnäçe asyr öň hem, häzir hem türkmen ojagynyň gazygyny atsyz, törüni halysyz, gapysyny alabaýsyz, türkmen aganyň elini bolsa dutarsyz göz öňüne getirmek kyn. Dutaryň diňe şat günleriň waspçysy hökmünde şirwan perdelerden çalynýan bu bagtyýar döwründe bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hak howandarlygynda bu sungat has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň her bir künjeginde belentden ýaňlanýan şowhunly aýdymlar, şirin sazlar bolsa ýurdumyza gelen hakyky döwletliligiň nyşany. Sebäbi, il arasynda nakyla öwrülen Magtymguly atamyzyň şeýle setirleri ýöne ýere aýdylan däldir:

 Ile döwlet geler bolsa,

 Bagşy bilen ozan geler.

Meňzeş habarlar