Sanly ulgam barada makala bäsleşik

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny yglan edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu döredijilik bäsleşigi “Sanly ulgamy” temadan geçirilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, has takygy, 2019-2020-nji ýyllarda Ýer ýüzünde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da artdy. Ähli ugurlary sanlylaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar.

Biziň ýurdumyzda hem «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň öňdebaryjy ugurlaryny giňden ornaşdyrmak babatda işler alnyp barylýar.

Biziň döredijilik toparymyz hem okyjylar köpçüligine sanly ulgam, sanly ulgamyň ykdysadyýete goşandy, sanly ulgamyň adam durmuşyndaky täsirleri, sanly ulgamyň adalgalary (terminleri) barada has içgin hem-de täsirli taýýarlanan makalalar toplumyny ýetirmegi göz öňünde tutdy.

Şonuň üçin bu gezek döredijilik bäsleşigimiz “Sanly ulgama” degişli bolar.

Awtorlarymyzdan, has dogrusy bu ugurda işine ökde hünärmenler tarapyndan hödürlenjek makalalaryň sanly ulgamyň islendik ugruny, meselem, emeli aň, “startup”, bulut tehnologiýasy, kiberhowpsuzlyk, finteh, sanly bilim, sanly lukmançylyk, elektron-hökümet ýaly ugurlarda giňişleýin makala ýazyp hödürlemegi talabalaýyk bolar.

Bu ýerde awtorlardan garaşylýan esasy talap, makalanyň okyja şol ugry doly düşündirmekden ybarat bolmaly. Şonda, sanly ulgama degişli dünýä belli kompaniýalaryň geçen tejribesi baradaky maglumatlar hem makalanyň gymmatyny artdyryp biler. Emeli äň näme, bulut tehnologiýasy näme we durmuşyň haýsy ulgamynda sanly ulgamdan peýdalanylýar, kiçi kärhanalarda emeli aňa geçiş tejribesi… şuňa meňzeş mowzuklar has köp maglumatlar bilen baýlaşdyrylyp hödürlenmegi okyjylar üçin gymmatly bolar.

Siziň hödürlän makalalaryňyz eminler topary tarapyndan seljeriler. Okyjylar üçin has peýdaly hasaplanan makalalar internet saýtymyza ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň möhleti:

Bäsleşikde eserler 1-nji iýun 2021 senesinden kabul edilip başlanýar.

Hödürlenen eserler 15-nji iýun 2021 senesinden başlap, saýta ýerleşdiriler.

Bäsleşige ugradylýan eserler 31-nji awgust 2021 çenli (sagat 18:00) kabul ediler.

Bäsleşigiň ýeňijileri 25-nji sentýabr 2021 senesinde yglan ediler.

Bäsleşigiñ geçiş tertibi

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen eserleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda  we sanlyhyzmat.com saýtlarynda çap ediler.

Siziň iberen eserleriňiz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, diňe bäsleşigiň şertlerine laýyk gelýän işler saýtlarda ýerleşdiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň eserleri web sahypamyza ýerleşdirilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Şonuň üçin gyzykly, çeper, öwredijilik häsiýetli hem-de okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjek eserleri ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.

Bäsleşige hödürlenýän işler türkmen dilinde bolup, oňa isleg bildirýän islendik ýaşly raýatlar gatnaşyp biler. Dünýäniň dürli künjegindäki ildeşlerimiziň iberjek eserlerini okamakdan lezzet alarys.

Hödürlenjek eserler WORD görnüşinde atawataneserleri@gmail.com elektron salgysyna “Ata Watan Eserleri bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen iberilmeli. Awtorlar bäsleşige ýazan işlerine degişli suratlary hem iberip bilerler. Bellik: saýtyň talabyna laýyk gelýän suratlar ýerleşdiriler. Habarlaşmak üçin : +993 62 88 02 63

Bäsleşige hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir. Awtor islese, özüniň fotosuratyny elektron poçta bilen iberip biler. (Bellik: awtor tarapyndan iberilen fotosurat talabalaýyk bolsa saýta ýerleşdiriler. Eger-de awtorlar suratlaryny öz maglumatynyň ýanynda ýerleşdirilmegini isleýän bolsa, onda fotosuratyny bize eser bilen bilelikde ibermegini haýyş edýäris. Awtoryň fotosuraty biziň “Instagram” we beýleki hasaplarymyzda hem eseri bilen bilelikde paýlaşylar).

Her awtor bäsleşige özi tarapyndan ýazylan 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.

Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Şol sebäpli ýazan eserleriňizde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.

Bäsleşigiň ýeňijilerine pul baýraklar gowşurylar. Baýraklar Aşgabat şäherinde gowşurylar.

Hödürlenen eserler emin agzalarynyň 50 göterim, atavatan-turkmenistan.com internet saýtymyzda okalan sany (20 göterim)  www.sanlyhyzmat.com okalan sany (20 göterim)  hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (10 göterim) boýunça ýeňijiler kesgitlener.

Bäsleşikde “okalan sanynyň “ýasama” artdyrylmagynyň” öňüni almak üçin “Google Analytic” mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.

Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň usulyna laýyklykda, “Google Analytic” maglumatlaryny esasynda “okama” sanynyň şol maglumatlardaky şol eser üçin saýtda geçirilen ortaça wagta köpeltmegiň jemi hasaba alnar. Ýagny, bir eser okamak üçin saýtda ortaça geçirilmeli wagt 120-150 sekunta barabar bolar. Başgaça aýdanymyzda şol eseriň linkine girip çykmak, ýeňiji bolmak üçin ýeterlik däl. Bir eser üçin, saýtda geçirilen ortaça wagt 25 sekuntdan az bolsa, onda, şol eser ýaryşdan çetleşdirilýär.

(Bellik: eseri okalmazdan saýtda şol linki açyp goýmak, esere peýda getirmän, gaýtam zyýan getirer, şol sebäpli hakykatdan hem okalan sanyny artdyrmak, okamak üçin saýta girjek okyjylara eseriň linkini ýetirmek maslahat berilýär) eserleriň ýeňiji boljakdygyny görkezýär.

Ýeňijilere haýsy baýraklar garaşýar!

Bäsleşik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýändigi sebäpli 30 sany baýrak bar!

Birinji orun: 3000 Manat

Ikinji orun: 2500 Manat

Üçünji orun: 2000 Manat

Dördünji orun: 1500 Manat

Bäşinji orun: 1000 Manat

6-30-nji orunlaryň her birine 300 Manat

Meňzeş habarlar