Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Bereket etrabynyň häkimi N.Gylyjow, Magtymguly etrabynyň häkimi R.Saparberdiýew, Etrek etrabynyň häkimi R.Nuryýew, Esenguly etrabynyň häkimi A.Esenow, Serdar etrabynyň häkimi M.Baýramgulyýew ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdiler.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatyň Serdar etrabynda bugdaý hasylyny daşaýan awtoulagyň sürüjisi E.Çalow bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda illi Liderimiz oba adamlarynyň çeper dilli we degişgen bolýandygyny belläp, iş-durmuş pursatlarynyň dürli ugurlaryna laýyklykda, degişgen häsiýetli käbir şygyr setirlerini döredýändiklerine ünsi çekip, çeper dilli oba adamlary tarapyndan döredilen setirleri mysal getirdi:

«Oba geldi «Sowa»,
«KAMAZ» geldi toba».
«Sowa» san boldy,
«KAMAZ» bolsa han boldy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gallanyň şu ýylky ýagdaýy, sürüjiniň zähmet çekýän ýük awtoulagynda her gün näçe möçberde galla daşaýandygy bilen gyzyklandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe tabşyryklar berdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine zähmet üstünliklerini arzuw etdi.