Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak, Jebel şäherçesinde ähli babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine hem-de iň soňky gazanylan tehnologiýalara we nou-haulara esaslanýan döwrebap howa menzil toplumyny gurmak hakyndaky Kararlara, “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda” Karara, şeýle hem Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” atly 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklady.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.