Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Gadyrly watandaşlar!

Sizi Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şöhratly wakalaryna beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilip, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, senagat-önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, zawod-fabrikleri gurmak, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan köp möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly gabat gelmegi has-da buýsançlydyr. Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze howa menziliniň, Türkmenabat şäherinde döwrebap «Türkmeniň ak öýi» binasynyň hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýynyň, Farap etrabynda «Çagalar dünýäsi» medeni dynç alyş merkeziniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar, raýatlarymyzy mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda hem netijeli işler alnyp barylýar. Medeni ulgamyň kämilleşdirilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, watandaşlarymyzy belent maksatly işlere galkyndyrmaga, ýaş nesilleriň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär. Şu ugurda ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdelikleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Hormatly watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Garaşsyz ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşlerine beslenen Lebap topragy türkmen taryhynyň şöhratly sahypalaryny, milli gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini özünde jemleýän gadymy mekanlaryň biridir. Bu mirasy toplamak, öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we dünýä ýaýmak medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipedir.

Nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzda waspy ýetirilen gojaman Jeýhunyň ajaýyp gözellikleri, Köýtendagyň tebigy täsinlikleri, Amul, Hojaidat, Zöhre-Tahyr galalary, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar ýaly taryhy ýadygärlikleri welaýatyň özboluşly aýratynlyklarydyr.

Geçmişde Lebap topragynda Idrisbaba, Nyýazguly halypa, Seýitnazar Seýdi, Abdyrahym Zynhary, Allaguly Allahy, Myrat şahyr we başga-da ençeme akyldarlardyr nusgawy şahyrlar ýaşap geçipdir. 

Olaryň asyrlar aşyp gelen baý edebi mirasy, dürdäne eserleri ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzyň giňden öwrenilýän häzirki döwründe akyldarlarymyzyň parasatly sözleri, nusgawy şahyrlarymyzyň manyly goşgulary türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň belent waspy bolup, köňüllere dolýar.

Lebap welaýatynda geçiriljek bu çäre özboluşly baýramçylyga öwrüler. Türkmen medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge uly ýardam berer. Edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrar.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçiriljek konsertlerde ýerine ýetiriljek joşgunly aýdym-sazlar merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň belent waspy bolup ýaňlanar. Bu sungat baýramynda guraljak sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary türkmen medeniýetiniň köp öwüşginliligini, döwrebap ösüşlerini aýdyň ýüze çykarar.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dabarasy uludan tutulýan sungat baýramçylygyna gatnaşyjylar bolan Size berk jan saglyk, uzak ömür, täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin! 

 

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly  BERDIMUHAMEDOW

Meňzeş habarlar