Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Mary welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, Mary etrabynyň häkimi S.Gylyjow, Garagum etrabynyň häkimi B.Ballyýew, Murgap etrabynyň häkimi A.Agamyradow, Oguzhan etrabynyň häkimi B.Öwezow, Sakarçäge etrabynyň häkimi T.Kakajanow, Wekilbazar etrabynyň häkimi G.Amanow, Ýolöten etrabynyň häkimi M.Goşaýew, Türkmengala etrabynyň häkimi M.Saryýew, Tagtabazar etrabynyň häkimi B.Gökçeýew, Baýramaly etrabynyň häkimi A.Ýagmurow meýdanlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň dowam edýändigi barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, öňde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelen  Mary welaýatynyň käbir etraplarynyň daýhanlaryna “Berekella!” aýdyp, meýdanlarda bar bolan iň soňky dänä çenli ýygnap almak üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýagmyrgeldi Oratdyýew bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gallaçy kärendeçi şygyr setirlerinde bereketli türkmen topragyna we Watanymyza söýgüsini beýan etdi hem-de halkymyzyň bagtyýarlygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi:

Hoşalaryň sesi, göýä bir aýdym,

Bereketli topragy janymdan söýdüm,

Watanyma ser salyp, jennetdir diýdim,

Sag bol, Prezidentim, sag bol, Arkadag!

Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine zähmet üstünliklerini arzuw etdi.