24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, köpasyrlyk dostluk däplerine, iki halky baglanyşdyrýan taryhy we medeni umumylyga esaslanýandygyny belledi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Häzirki döwürde şu resminamanyň çäklerinde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.
Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.