Çagalar baradaky alada – Garaşsyz Türkmenistanyň nurana geljeginiň kepili

24-nji iýunda Farap etrabynyň Farap şäherinde “Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Täze toplumyň döwrebap meýdançasynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Joşgunly aýdym-sazlaryň owazlary belentden ýaňlandy. Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda bagtyýar çagalar özleri babatdaky hemmetaraplaýyn aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

“Çagalar dünýäsi” toplumyny çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.

Bagtyýar çagalaryň şatlygy, joşgunly gülküleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, sagdynlygyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aňladýar. Lebap welaýatynyň ýaşajyk aýdymçylarynyň, tansçylarynyň we sazandalarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynyň jemini jemledi.