Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda türkmen gallaçylary uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Ýurdumyzyň ekerançylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler.
Galla oragy möwsüminde daýhanlar işleriň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Şonuň netijesinde, galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän etraplaryň sany barha artýar. 23-nji iýunda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň gallaçylary Watan harmanyna 41 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, döwlet Baştutanymyza şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.
24-nji iýunda bolsa Mary welaýatynyň Mary etrabynyň gallaçy kärendeçileri 37 müň 200 tonnadan gowrak, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň hasyl ussatlary bolsa 28 müň 500 tonnadan gowrak dänäni döwlet harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.