Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene-de bir ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara şaýat bolan bu bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşan ýaşlara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bäsleşikde II orna mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň IV ýyl talyby Ogulbibi Mämmetgurbanowanyň ýazan makalasyny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny gorap saklamak, ylmy esasda çuňňur öwrenmek we seljermek, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz milli ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşmagy başaran halkdyr.
Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasynyň goragynyň hukuk üpjünçiligi boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Medeni mirasymyzyň goralmagy babatda milli kanunçylygymyz halkara hukuk kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Medeni mirasyň hukuk goragy öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Konstitusiýanyň 15-nji maddasyna laýyklykda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär. Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär». Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan başga-da medeni mirasymyzyň hukuk goragy «Medeniýet hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiz şu günki güne çenli ençeme döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen has-da üstünlikli, giň möçberli hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.
Bilşimiz ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça 1999-njy Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, 2005-nji ýylda Köneürgenç şäheri, 2007-nji ýylda Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy, şeýle hem maddy däl medeni gymmatlyklaryň sanawyna 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty we 2017-nji ýylda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küştdepdi milli dessury goşuldy. Bu sanawa 2019-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen halyçylyk sungaty hem goşuldy.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmaga birnäçe hödürnamalar işlenilip taýýarlanylýar. Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyny 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň mady däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu Tor – şäherleriň durnukly ösüşiniň hereketlendirijisi bolup çykyş edýän döredijilige, durmuş integrasiýasyna hem-de dünýäde medeniýetiň täsiriniň giňeldilmegine maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol sanda bu günki günde ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalaryna we köptaraplaýyn şertnamalaryna gatnaşýar. Degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyz 2021-nji ýylyň 13-nji martynda ÝUNESKO-nyň iki sany «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek», «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakynda konwensiýasyna goşuldy. «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakynda konwensiýa dünýäniň 148 döwleti gatnaşýar. Bu konwensiýa 2005-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda kabul edildi. Konwensiýada medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini gorap saklamak we höweslendirmek, medeniýetleriň özara bähbitli ösmegi we bütin dünýäde giň gerimli we sazlaşykly medeni gatnaşyklary ösdürmek göz öňünde tutulýar. Konwensiýa adam hukuklaryna we esasy azatlyklaryna hormat goýmak, özygtyýarlylyk, ähli medeniýetlere deň hormat goýmak, halkara raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş, deň elýeterlilik ýaly ýörelgelere esaslanýar.
«Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakynda konwensiýa laýyklykda medeni dürlülik adamzadyň aýrylmaz tapawutlandyryjy alamatydyr. Medeni dürlülik hemmeleriň bähbidine goralyp saklanmaga degişli bolan adamzadyň ählumumy mirasydyr. Ol adamzat üçin baý, köp görnüşli dünýäni döredýär. Medeni dürlülik medeniýetleriň arasyndaky hemişelik özara gatnaşyklaryň, pikir alyşmalaryň netijesinde berkidilýär. Medeni özüňi görkezmegiň dürlüligi adamlara, halklara öz gymmatlyklaryny erkin görkezmegi we beýleki halklaryň milli medeni mirasy we gymmatlyklary bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
«Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakynda konwensiýanyň esasy maksady hem dürli medeniýetleriň özara bähbitli esasda gülläp ösmegi we erkin özara gatnaşygy üçin şert döretmekden ybaratdyr. Konwensiýa laýyklykda «medeni dürlülik» toparlaryň we jemgyýetleriň medeniýetleriniň öz beýanyny tapýan görnüşleriniň dürlüligidir.
Konwensiýada bellenilişine görä, medeni özüňi görkezmegiň görnüşleri diýlip, aýratyn adamlaryň, toparlaryň we jemgyýetleriň döredijiliginiň netijesine we medeni mazmuna eýe bolan öz-özüňi beýan etmegiň mazmunyna düşünilýär. «Medeniýetara özara täsir» düşünjesi bolsa dürli medeniýetleriň barlygyny we deň derejede täsirini, şeýle hem gepleşiklere we birek-birege hormat goýmagyň esasynda medeni özüňi görkezmegiň umumy görnüşlerini döretmegiň mümkinçiligini aňladýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde halkymyzyň medeniýetini, baý taryhy medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, şeýle-de onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur alyp, medeni mirasy hormatlamak, gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek we seljermek ugrunda biz talyp ýaşlar hem öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.
Biz – ýaşlara döwrebap esasda okamaga, öwrenmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!