Türkmenistan – ÝUNESKO: Ýokary derejede hyzmatdaşlyk

Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly makala ýazmak boýunça yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýene-de bir ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara şaýat bolan bu bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Işjeň gatnaşan ýaşlara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bäsleşikde III orna mynasyp bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sona Halykowanyň ýazan makalasyny ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir dünýä döwletleri bilen däl, eýsem, birnäçe halkara guramalary bilen özara ygtybarly, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Esasan-da halklary birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry hasaplanylýar. Şol syýasatyň düýp esasynda bolsa, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirkizaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä syýasatyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzada degişli bolan global meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe boldy. Mundan başga-da ýurdumyz bu guramanyň birnäçe abraýly düzümlerine – BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.

BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär.  Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň konwensiýasyna gol çeken gününden bäri onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda işleri alyp barýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen 37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi – abraýly halkara guramasynyň iki ýolbaşçy edaralaryň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 58 döwlet girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki döwürde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen, ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň düýpgöter täze, netijeli guraly döredilýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň özara peýdaly gatnaşyklaryna esaslanyp ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni, tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işleri yzygiderli amala aşyrýar. Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýadygärlikleriň käbirini saýlap aldylar. Wagtyň geçmegi bilen bular saýlanyp-seçilmek arkaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň arasynda möhüm ähmiýetli we umumy adamzat üçin gymmatly we täsir galdyrýan taryhy-arheologik ýadygärlikleriniň üçüsi – Gadymy Merw (1999ý.), Köneürgenç (2005ý.), Nusaý (2007ý.) bar. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrundaky Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly uly gadymy şäherleriň arasynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toplumy nominasiýa boýunça görkezildi. Bular esasan kerwensaraýlardan, köşklerden, metjitlerden, şeýle hem keramatly ýerlerden ybaratdyr. Çyn-Maçyn bilen Ýewropa döwletlerini birikdiren Beýik Ýüpek ýoly Bütindünýä milletara mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän we däp bolup gelen sport görnüşleri we oýunlaryny BMG-niň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni çäreleriň interaktiw atlasyna girizmek barada hünärmenleriň netijeli maslahatlary geçirildi.

Halkymyzyň sungatynyň ajaýyp nusgalary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç, Nusaý we Merw taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň döreden, şeýle-de bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapan halyçylyk sungaty halkara derejesinde ykrar edildi. Halkymyzyň maddy däl medeni gymmatlyklary, edebi we taryhy çeşmeleri giňden öwrenilip dünýä ýaýyldy. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri-daşary syýasatynyň we pähim-paýhasynyň netijesinde amal edilen bu işler halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, bagtyýar raýatlarymyzyň, belent ruhly ýaşlarymyzyň ata Watana, ene topraga, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýollaryna bolan çäksiz hormatynyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda Orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärliklerinde dikeldiş işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Amuldan Horezme barýan kerwen ýolunda müň ýyl töweregi mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň birinji tapgyry tamamlandy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin teklip edilen Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmegiň indiki tapgyrlarynyň wezipeleri kesgitlendi.

Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy hasaplanýan Türkmenistanyň dünýä medeniýetine goşant goşan gymmatlyklaryndan «Görogly» dessançylyk sungaty
2015-nji ýylda bu halkara guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň mejlisinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň bu halkara guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi hakyndaky hoş habar biziň ählimizi guwandyrdy. Bularyň hemmesi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesi bolup durýar.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrularynyň biri, ol hem türkmen halkynyň maddy däl taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO we Türkmenistan ahalteke atlarynyň we iň gadymy it tohumlarynyň biri bolan alabaýlaryň ähmiýeti, olaryň goralyp saklanylmagynyň we giňden tanadylmagynyň bolsa dünýä medeni mirasynyň goraglylygy nukdaýnazaryndan wajyplygyny belleýärler. Şeýle-de türkmen tarapy medeniýetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşjak ÝUNESKO-nyň sungat şäherleri toruna goşulyşmakda hem netijeli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda Beýik Ýüpek ýolunyň Amul – Merw şahasynyň ugry boýunça arheologik gözleg-barlag saparyny amala aşyryp, orta asyrlarda bu kerwen ýolunyň ugrunda emele gelen medeni ýadygärliklerde boldylar. Onuň ugrunda Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, Tahmalaj-at düşelgesi, Kuşmeýhan orta asyr şäheri ýaly ýadygärlikler bar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän bu ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdygy doly derejede tassyklanyldy.

Bu gün Türkmenistanyň çäginden geçýän gadymy kerwen ugry bolan Beýik Ýüpek ýoly halkara söwda gatnaşyklarynyň Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetiren ugry we ajaýyp taryhy-medeni miras hökmünde garalýar.

Şeýle-de häzirki wagtda «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan – Garagum geçelgesiniň şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna bilelikde hödürlemek, dolandyrmak we goramak hakynda Ylalaşygyň» çäginde Zarawşan – Garagum geçelgesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, teklip edilýän desgalar boýunça resminamalar toplumynyň gutarnykly görnüşini öz içine alýan degişli işler alnyp barylýar. Resminamalar halkara talaplara laýyklykda, bellenilen möhletde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä komitetine hödürleniler. Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan – Garagum geçelgesini bu abraýly sanawa girizmek meselelerine komitetiň 2021-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garalar. Şunuň bilen birlikde, Milli toparyň mejlisiniň gün tertibine Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna goşmak boýunça teklipler girizildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek we birnäçe umumybilim berýän mekdepleri ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýar. ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşen abraýly düzümi bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine önjeýli goşant goşýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda ägirt uly işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň köpsanly taryhy we medeni baýlygyny we sungatyny
ÝUNESKO-nyň ygtybarly sanawlaryna girizmek boýunça Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Şeýle hem Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty we Türkmen Alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty ýaly özboluşly türkmen sungatlaryny
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Biz – ýaşlaryň dünýäniň bilim talaplaryna laýyk gelýän derejede okamagymyz, ylmy we döredijilik işleri bilen erkin meşgullanmagymyz üçin döredip berýän mümkinçiliklerine Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlarymyz çäksizdir. Biz hem ýaş halkaraçylar hökmünde Hormatly Prezidentimiziň bütin adamzadyň bähbidine alyp barýan işlerini ýaýbaňlandyrmakda öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Meňzeş habarlar