ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komiteti Hytaýda açylýar

Koronawirus pandemiýasy zerarly bir ýyl arakesmeden soň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetiniň 44-nji mejlisi gündogar-hytaý Fuszýan welaýatynyň paýtagty Fuçžou şäherinde açyldy. Mejlis 16-njy iýuldan 31-nji iýul aralygynda onlaýn düzgünde geçirilip, onda şu ýylky we geçen ýyldan galan meselelere utgaşdyryp serediler. Onda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge teklip edilýän 45 desga garalar.

Mejlisde Komitet ozal ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen desgalaryň 255-siniň ýagdaýyny öwrener, Bütindünýä mirasynyň sanawyndakylardan 53-si howp astyndakylaryň hataryna girýär.

24-nji iýuldan Bütindünýä mirasynyň komiteti geçen ýyl garalyp ýetişilmediklerden başlap, Bütindünýä mirasynyň sanawyna teklip edilýän täze desgalara garar. Bütindünýä mirasynyň komiteti sanawa 167 ýurtdan 1121 desga girizildi. Bütindünýä mirasyny goramak barada Konwensiýa gatnaşýan 21 döwletiň wekillerinden ybarat Komitet Konwensiýanyň ýerine ýetirilişine garaýar.

Özboluşly maddy we maddy däl medeni mirasa eýe bolan Türkmensitan ony saklap galmak we dünýä ýaýmak babatda ÝUNESKO bilen işjeň gatnaşyk edýär. Gadymy Merwiň, Könürgenjiň we Gadymy Nusaýyň düýnä belli taryhy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» tansy, şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanaywyna girizildi.

Geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň rejelenen täze düzgünnamasy tassyklanyldy, onuň birinji mejlisinde 2021-2023-nji ýyllar üçin Bilelikdäki işleriň taslamasyna garaldy.

Olaryň arasynda ahal-teke atşynalygy, alabaý itlerini ýetişdirmek, şeýle hem dutar çalmak sungaty we dutar ýasamak, bagşyçylyk sungaty bar. Dutar ýasamak ussatlygy we bagşyçylyk sungaty 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanaywyna teklip ediler.

Indiki nobat Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Dehistan, Nusaý, Merw, Sarags, Amul, Könürgenç ýaly gadymy türkmen şäherleriniň arasynda ýerleşýän ýadygarlikler toparynyňky. Keçe basmak, demirçilik senedi, tazy we elguş adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilmäge taýýarlanylýar. Eýran bilen bilelikde türkmen keşde gaýamak sungatyny hem ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna teklip etmegiň taslamasy ilerledilýär.

Şu ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen 2021-2023-nji ýyllara herketleriň meýilnamasy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamada diňe bir taryhy we medeni mirasy goramak däl, eýsem beýleki ugurlarda hem netijeli gatnaşyklary giňeltmek göz öňünde tutulýar. Milli medeni ýadygärlikleri goramak, bilim, ylym, medeniýet, suw serişdelerini dolandyrmak, statistika we sport ulgamlarynda hem ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bellenildi.

 

Ogulgözel Rejebowa

 

Meňzeş habarlar