GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZ

Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze eseriniň öz halkyna sowgat bermegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda «Hormatly Prezidentimiziň kitaplary – ýaşlara nusgalyk mekdepdir» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabraly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň
pähim-paýhasa, ynsanperwer garaýyşlara, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk hakyndaky öwütlere ýugrulan kitaplary ýaş nesliň aňyna hem-de kalbyna täsir edýän, belent watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýän gymmatly ruhy baýlykdygyny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň mazmuny boýunça hakykatdanam gymmatly bolan kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa hormatly Prezidentimiziň hut öz ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenildi.

Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilen günlerinde şu çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahat bolup durýar.

Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz türkmen döwleti dünýäň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp bütin adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy. Şoňa göräde Garaşsyzlyk nesillere ykbalyň taýsyz peşgeşidir, mukaddes paýydyr. Muny başgaça düşündirmek mümkin däldir. Diňe halkyň ýanbermez yhlasynyň taryhy mümkinçilikler şertler bilen birleşmegi munuň zerur netijeleri bermegi netijesinde şeýle döwre ýetip bolýar. Muňa şahyrana dilde milletiň egnine bagt guşunyň gonmagy diýip bolar. Şeýlelik-de nesiller bagt eýeleridir. Bütin geljekde bu bagty goramagam ösdürmegem olaryň özlerine baglydyr diýip Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda belleýär.

Milli Liderimiziň bular barada aýdanlarynyň örän täsirlidigini, şol sebäplem bu kitabyň uly gyzyklanma bildirilip okaljakdygyny oňa gatnaşanlar nygtadylar hem-de kitapdan täsirli setirleri buýsanç bilen mysal getirdiler.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň şeýle-de dünýäde parahatçylygyň hem-de dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Öňki makala

Ulusyny sylan beg bolar

Indiki makala

SAGLYK – ALTYN TÄÇ

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY