Ulusyny sylan beg bolar

Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda «Döwürlere ýörelge, nesillere görelde siz ýaşulular» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpa hemişe ulydyr. Durmuşyň her bir ädiminde ýaşululara sala salmagy, her bir işde olardan maslahat soramagy halkymyz parz hasaplaýar. Olar döwletli törleriň bezegi, toý-baýramlaryň seresi,
akyl-paýhasyň gözbaşy, pähim-parasatyň egsilmez çeşmesi hökmünde sarpalanýar. Bu ajaýyp ýörelgeleriň dowamat
-dowam bolmagy hem milletimiziň müňýyllyklara uzaýan ýoluna nur çaýýar, halkymyza rysgal-bereket bagyşlaýar, onuň döwletini berkidýär.

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni hem halkymyzyň asylly ýörelgelere eýerýändigini görkezýän şanly seneleriň biridir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şöhratly ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli buýsanç duýgusyny artdyrýar. Munuň özi, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhyň, medeni mirasyň, köpasyrlyk sungatyň, asylly däp-dessurlaryň milli ýörelgeleriň mundan beýläk-de has-da şöhratlanyp, dowamat-dowam bolmagyna oňyn şertleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň «Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede aý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine gelýär» (Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabynda) diýip, jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaşulylarmyz ähli toýlarmyzyň bezegi bolup durýar.

Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiz mähriban halkymyz, milletimiz üçin örän möhüm ugurlar bilen birlikde, ýaşuly nesliniň ýaş nesli mähriban Watanymyza, onuň ajaýyp tebigatyna, dost-doganlyga, maşgala we ahlak gymmatlyklaryna, halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan söýgini terbiýelemekde, bilimli, ýokary ahlakly, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegine jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan adamlar edip ýetişdirmekde mekdep bolup durýandyklaryny nygtap, ýaşulularyň bitirýän işleriniň has uludygyny elmydama belleýär.

Ýaşuly nesil ýaşlar üçin hemişe göreldedir. Öňdengörüjilikli, giň gözýetimli, ylymly-bilimli, ýokary ahlakly, päk ahlakly we watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde möhümdir.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna iberen gutlagynda: «Garry öýüň sütüni», «Garryly öý – gaznaly öý» ýaly ýörelgelerimize eýerip dili senaly ýaşulularymyza maslahat salýarys diýip nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyň uly dabaralara beslenýän gününde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynda bähbitli çözgütleriň ilki bilen ýaşuly nesle sala salnandygy hakynda bu ýerde çykyş edenler giňişleýin durup geçdiler.

Baýramçyly dabaranyň dowamynda milli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşululylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
hem-de ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerini hakykat ýüzünde häzirki wagta durmuşa geçirýän we şeýle mizemez kadalary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýan, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman, aýdyň maksatly döwletli tutumly işleriniň bolsa uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

 

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY