Şanly Garaşsyzlygymyzyň netijeli miweleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda ulydan bellenilýän ýurdumyzyň baş baýramy – şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesi Garaşsyz ýurdumyzyň we agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny arşa göterýän, ýurdumyzy belent maksatlara galkyndyrýan buýsandyryjy taryhy wakadyr. Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň “Biz mähriban halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, ägirt uly döredijilik we zähmet başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyryp, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasyny döretdik” diýip nygtamagy milli garaşsyzlygymyzyň gymmatyny, many-mazmunyny, halkymyza beren miwelerini doly beýan edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň dabaraly geçirilmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan raýatlarymyzyň döredijilikli zähmetiniň göz öňünde tutulyp döwlet sylaglary, şa serpaýlary bilen sylaglanmagy bolsa, bagtyýar halkymyzyň milli däplerimize, demokratik ýörelgelerimize ygrarlydygynyň, raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolan halypalarymyzyň hatarynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary we gazanan üstünlikleri, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmeti nazara alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bolan halypa diplomatymyz Çynar Täjiýewna Rustemowa hem ýurdumyzyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly adynyň dakylmagy we oňa «Altyn Aý» altyn medalynyň gowşurylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi, şol bir wagtda türkmen diplomatiýasyna, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň gazananlaryna berilýän mynasyp baha bolup durýar. Elbetde, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk döwür içinde döwletimiziň gazananlary barada oýlananyňda ilkinji nobatda, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky eýeleýän orny, Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde ykrar edilmegi, Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygy buýsanç bilen göz öňüne gelýär.

Bilşimiz ýaly, islendik döwletiň halkara hukugynyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň - onuň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysady ösüşine, halkyň durmuş-hal ýagdaýyna täsir edýän esasy şert bolup çykyş edýändigini dünýä tejribesi tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda berk we uzak möhletli parahatçylygy, strategik durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň ýardam bermäge, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly alyp barýan ynsanperwer daşary strategiýasynyň oňyn häsiýetini döwletimiziň häzirki döwrüň esasy işlerine: syýasata, ykdysadyýete, söwda, medeni-gumanitar, ylym-bilim, ekologiýa we beýleki ugurlaryna bolan garaýşy we işjeň gatnaşygy doly tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda häzirki zaman şertlerinde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan döwrüň derwaýys meseleleri hem-de olary çözmekde ýurdumyzyň garaýyşlary babatyndaky beýan eden teklipleri aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.  

Döwlet Baştutanymyz bu taryhy çykyşynda: “Bizi umumy garaýyşlar, umytlar, wehimler hem-de howplar birleşdirýär. Halkara ýa-da sebit we milli derejelerdäki çylşyrymly meseleleri bilelikde çözmekde toplanylan tejribe has gymmatlydyr. Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wehimleri ýeňip geçmekde täze çemeleşmeleri we ýollary gözlemek boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr” diýip jaýdar belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu resminama garalmagy hem-de onuň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, döwletimiz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýar. Şol bir wagtda, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň ilerledilmegini esasy ugur hasaplaýar. Çünki, häzirki wagtda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagy wajyp şertleriň hatarynda kesgitlenilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagyň zerurlygy babatyndaky garaýşynyň oňyn ähmiýetini esaslandyrýar. Şunda hususan-da, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmek meselelerine yzygiderli üns bermegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegine ynam bildirýär.

         Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanýan üstünliklerine şeýle hem,  dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlara strategik taýdan baha bermekde ylmy we seljeriş usullarynyň, halkymyzyň gadymdan gözbaşyny alyp gaýdýan milli däpleriniň hem-de ýörelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr. Halkymyzyň dünýägaraýşynyň, pähim-paýhas we pikir ýörediş ugurlarynyň örän giňdigini görkezýän milli däplerimiz bolan myhmansöýerlik, açyklyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgelerimiziň çuňňur taryhy kökleriniň bolmagy, olaryň häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapmagy hususan-da taryhy, medeni we geografik umumylyklary bolan goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda aýratyn orny bardyr. Bu ýörelgeleriň häzirki wagtda halkara hukugynyň esasgoýujy ýörelgeleri hökmünde kesgitlenilmegi, olaryň ençemesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda öz beýanyny tapmagy şeýle hem, döwletimiziň halkara hukugynyň bu ýörelgelerine ygrarlydygy ilkinji nobatda milli ýörelgelerimiziň bütindünýä ykrar edilmegini alamatlandyrmak bilen birlikde, milli däplerimiziň durmuşda öz beýanyny tapýandygyny hem alamatlandyrýar.

         Umuman, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanýan üstünliklerinde ata-babalarymyzyň adalatly we paýhasly döwlet dolandyrylyşynyň, parasatly diplomatiýasynyň dowamyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen yzygiderli ösýän döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky barha ýokarlanýan abraýy Türkmenistana dünýäniň häzirki zaman ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan ygtybarly döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýän  şanly Garaşsyzlygymyzyň netijeli miwesidir.

 

                                                                 

 

Bekçiýew Atamyrat, Türkmenistanyň

Daşary işler ministrliginiň Halkara

gatnaşyklary institutynyň Syýasy

kommunikasiýa we internet

žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

TMÝG-nyň agzasy

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY