Garaşsyzlyk joşguny – mukam aýdym saz eýlär

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi
hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Kalbyma ýaz geler, dilime joşgun – ülkäm Garaşsyzlyk toýun toýlanda» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Garaşsyzlyk türkmen ýaşlary üçin milliligiň we döwrebaplygyň ösüş ýollaryny arçady, şol sanda bilim, ylym, edep-terbiýe, umuman, kämillik ýollaryny ýagtyltdy. Ol bize türkmeniň müňýyllyklara uzap gidýän köklerinden iýmitlenip, boý almaga mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk nesilleriň kalbynda beýik ynam döretdi. Şol hem biziň taýsyz ösüşlerimiziň daýanjydyr. Oguz mekanynda Oguz hanyň paýhas-pendi, Dädem Gorkudyň boýy ― genji, Görogly begiň nama-andy, dana Magtymgulynyň
şygyr-bendi hemişe-de halkymyza ýörelge bolupdyr. Ata-babalarymyzyň döwlet gurmak dessury, ýoly bilen barýan, agzybirligi baýdak edinen nesli bolan döwleti harasatlar almaz, siller syndyrmaz.

Garaşsyzlyk türkmen ýaşlaryna, has dogrusy, ähli halkymyza ylham joşgunyny berdi. Ýaşlaryň döredijilik dünýäsi halypa-şägirtlik mekdebiniň täsirinde barha kämilleşýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň edebiýatynda, sungatynda, onuň medeni ösüşlerinde döwrüň ruhunyň keşbi, möhüm meseleleriniň beýany, belent waspy şöhlelenýär. Şundan ugur alsak, Garaşsyzlyk nesli ― kalby buýsançdan, hormatly Prezidentimize alkyşdan doly nesil.

Munuň şeýledigine bu ýerde ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda hem aýdyň duýmak boldy. Goý milletimiziň başyna bagt guşy bolup gonan, her bir günümizi bagtly geljege, ýagty ertirlere atarýan, halkymyzy eşretli bagtyň gujagynda ýaşadýan zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaş nesilleriň ykbalyny Garaşsyzlygyň nurana ýollary bilen galkyndyrýar Howandar Arkadag Prezidentimiziň jany sag, il ýurdy abadan, badalga beren ajaýyp zamanasy asyrlara dowam bolsun!

 

 

 

 

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY