«Tebigaty goralyň!»

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Türkmenistanyň baý tebigatyny, taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda

«Tebigaty goralyň!» ady bilen yglan edýän

fotosurat bäsleşiginiň

 

DÜZGÜNNAMASY

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň döwlet ýolbaşçylygynda bu gün ata Watanymyz Türkmenistan ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, ylym öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Degişli ugurlarda ýurdumyzda ýaşlaryň öz ýagty geljegini gurmagy, ussat hünärmenler bolup ýetişip, olaryň iş bilen üpjün edilmegi, özleriniň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine gönükdirmegi hem-de döredijilik äleminde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýär.

Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş gurşawyny abadanlaşdyrmak, ekologiýa arassalygyny gorap saklamak bilen bagly hem birnäçe uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda «Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly» diýip beren tabşyryklaryna esaslanyp, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tebigata, milli taryha we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, döredijilige höwesli mekdep okuwçylaryň bu ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, olary türkmen halkynyň baý tebigatyny, milli mirasyny sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda «Tebigaty goralyň!» ady bilen fotosurat bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik häzirki wagtda biziň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan ÝUNESKO-nyň “Adam we Biosfera” atly tebigaty hem-de daşky gurşawy goramak baradaky Maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

 

Bäsleşigiň düzgünleri we şertleri:

 

Bäsleşige umumy orta bilim berýän mekdeplerinde bilim alýan 7-11-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşyp bilerler. Ýurdumyzyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tebigatynyň gözellikleriniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, daglarynyň we düzleriniň, medeni zolaklarda ekilen bag nahallarynyň ajaýyp şekillerini foto suratlarda beýan etmeli. Bäsleşige hödürlenýän foto suratlar häzirki zaman foto enjamlarynda reňkli görnüşde surata düşürilen bolmaly. Suratlara olaryň awtorlary tarapyndan at berilmelidir. Foto bäsleşige hödürlenýän foto suratlary kompýuterde goşmaça işlemäge, olara düzediş bermäge ýa-da olar babatda başga bir emeli usul (montaž) ulanmaga rugsat berilmeýär, şeýle edilen foto suratlar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.

Fotosuratlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «turkmen-youth@online.tm» elektron poçta bukjasyna gatnaşýanyň doly ady, familiýasy, ýaşaýan ýeri, mekdebi we tel belgisi bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 10-njy noýabryna çenli ugratmaly .  

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bellenen wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen Eminler tarapyndan talabalaýyk hasaplanan fotosuratlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynyň «Türkmenistan-ÝUNESKO» sahypasynda hem-de «Nesil» gazetinde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda şöhlelendiriler.

 

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

 

  1. «Tebigaty goralyň!» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyry «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji noýabrynda jemlener.
  2. Bäsleşigiň ýeňijilerini Eminler topary kesgitlär.
  3. Bäsleşik we onuň Düzgünnamasy www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynda ýerleşdirilen gününden başlap güýje girýär.
  4. Bäsleşikde baş baýrak, birinji, ikinji we üçinji orunlar kesgitlener.
  5. Bäsleşigiň ýeňijileri ony guraýjylar tarapyndan ýörite Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

 

Habarlaşmak üçin:

E-poçtamyz: turkmen-youth@online.tm

Telefon belgimiz: 44-88-74, 44-88-73.

Meňzeş habarlar