2021-nji ýylyň 2-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň Tähran klaster edarasy bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň guramagynda Tehniki, hünär bilimi we taýýarlyk (TVET) atly onlaýn okuw maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ähli welaýatlaryň hünär-tehniki mekdepleriniň we bilim müdirlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler syýasy partiýasynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç. Rüstemowa duşuşugy açmak bilen çärä gatnaşanlary häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler bilen giňden tanyşdyrdy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy G.Gurdowa, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmeni L. Berdigylyjowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektory G. Ýusupowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler syýasy partiýasynyň agzasy R. Kerimow, şeýle hem Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň we Infokommunikasiýa tehniki-hünär mekdebiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ÝUNESKO tarapyndan dünýäniň aglaba döwletleriniň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän Tehniki, hünär bilimi we taýýarlyk boýunça halkara maksatnamasynyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim endiklerini ösdürmekde we hünär başarnyklaryny ele almakda eýeleýän möhüm ornuna, ähmiýetine ünsi çekmek bilen, bu ugurly işlerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy meýilnamalaýyn we yzygider ýagdaýda ösdürmegiň wajypdygyny belläp geçdiler.
Maslahatyň barşynda, ÝUNESKO-nyň TVET (Tehniki, hünär bilimi we taýýarlyk) maksatnamasynyň, zähmet bazarynda başarnyklary we ukyplary çaklamak boýunça hünärmeni Kamill Korşne hem-de ÝUNESKO-nyň “Ýaşlaryň sowatlygyny we başarnyklaryny ösdürmek maksatnamasy” bölüminiň hünärmeni Hiromiçi Kataýama çykyş edip bilim ulgamyndaky tagallalaryň halkara zähmet bazarynyň talaplary bilen sazlaşykly alnyp barylmagy bilen bagly esasy meseleler we görkezijiler, şeýle hem halkara bilim ulgamynda ýaşlaryň döredijilige, ylmy-barlaglara ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmekde alnyp barylýan işleriň we tagallalaryň halkara tejribeleri barada giňişleýin çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda tehniki, hünär bilimi we taýýarlyk ugurlaryny ösdürmekde birnäçe usuly teklipler hödürlenildi.