ÝUNESKO-da 75 ýyllygy mynasybetli guramanyň gazanan üstünlikleri barada sergi açyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň 75 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri we taslamalary barada gürrüň berýän sergi onuň Pariždäki ştab-kwartirasynda açyldy. Ekspozisiýa ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji sessiýasynyň başlanmagyna gabat getirildi. Bu barada TASS habar berýär.

“Biz diňe bir maksatnamalar we iş ugurlary barada däl, eýsem ÝUNESKO-nyň hakyky hereketleri barada gürrüň bermek kararyna geldik” – diýip, serginiň ýolbaşçysy Kristian Puerta aýtdy. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde häzirem dowam edýän sowatsyzlygy ýeňip geçmek kampaniýalary, Ikinji jahan urşundan soň bilim ulgamlarynyň dikeldilmegi we häzirki wagtda olara berilýän goldaw barada gürrüň berdi. Şeýle-de, Puerta guramada medeni gymmatlyklary goramak, jynsparazlyga we adam söwdasyna garşy kabul edilen dürli konwensiýalar barada ýatlap geçdi.

Umuman alanyňda, myhmanlar 150 töweregi eksponaty görüp bilerler. Ekspozisiýa guramanyň döredilmegi, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak, bilim arkaly dünýäni üýtgetmek, adamzat mertebesini goramak, bilim almak we olar bilen paýlaşmak barada gürrüň berýän ýedi zolaga bölünýär.

Diwarlyklarda guramanyň ýygyndysyndan taryhy barada gysgaça gürrüň berýän resminamalar, suratlar, plakatlar we predmetler görkezilýär. Olaryň arasynda özboluşly obýektler, meselem, ýerli ilat tarapyndan ulanylan, taýaklardan we balykgulaklardan ýasalan Marşall adalarynyň kartasy, dünýä halklarynyň aýdymy bilen diwarlyklar, seýrek kitaplar bar. Ýakyn günlerde ekspozisiýa Portugaliýanyň Aroka geoseýilgähinden trilobidiň daşa öwrülen çanagy goşular. Mundan başga-da, ylmy bölümde Afrika yklymynyň geologik kartasy hödürlenýär. 

Meňzeş habarlar