2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.
Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň maksady gidrologiýa ulgamynda bilimi ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga, bu ugurda häzirkizaman tilsimatlara we çemeleşmelere, şeýle hem ýerýüzüniň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça netijeli strategiýa we syýasata ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Hökümetara geňeşiniň çäklerine gidrologiýa maksatnamalaryny meýilleşdirmek, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen sazlaşykly utgaşýan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça halkara we sebit hereketlerine işjeň gatnaşmak babatda ýurduň tagallalarynyň ýene bir aýdyň tassyknamasydyr.