“Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ýaşlar syýasatynyň ýokary göterilmegi ýaly ençeme ajaýyp işleri durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir adamyň mertebesini beýgeltmek hem-de onuň bagtly ýaşaýşyny üpjün etmek barada alada öz beýanyny tapýar. Hususan-da, ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugruna öwrüldi. Ýaş nesliň terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna, sport bilen meşgullanmagyna, Watanymyza, il günümize wepaly bolup ýetişmegine her bir işde öz şahsy jogapkärçiligini duýýan nesliň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet Ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.