Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge hem-de Milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permanynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada hem habar berildi.

Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna häzirki zaman gämilerini gurmak boýunça teklipler hem-de täze gämileriň taslamalary we nusgalarynyň şekilleri hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu doktrina döwletimiziň parahatçylykly we asuda durmuşynyň, Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň, ony halkara giňişlikde öňdäki orunlara çykarmagyň kepili bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleri iň täze ýörite tehnikalar bilen mundan beýläk-de üpjün etmegiň, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni işjeň ulanmagyň we durmuş meselelerini çözmegiň ileri tutulýan ugurlardygyny belläp, Milli goşunyň ähli kysymlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy goranmak ministrine tabşyrdy.

Milli Liderimiz harby düzgün-nyzamyň berk berjaý edilmegine, harby bölümlerde watançylyk-terbiýeçilik işleriniň geçirilmegine, ýaş esgerleri şöhratly ata-babalarymyzyň nusgalyk göreldesinde terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň ähli goşun düzümleriniň, şol sanda Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, Watanymyzyň deňiz serhetlerine gözegçilik edýän harby gämileri häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek meselesini berk gözegçilikde saklamagy ministre tabşyrdy.

Baş prokuror B.Atdaýew ýylyň başyndan bäri kanunylygyň, adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň berjaý edilmegi ugrunda ýerine ýetirilen köpugurly işleriň netijeleri, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärler düzümini pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, takyk prokuror gözegçiligini amala aşyrmagyň, kanun bozulmalaryny ýüze çykarmagyň hem-de aradan aýyrmagyň we olaryň öňüni almagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge tutanýerli çemeleşýän ýokary hünärli hünärmenleriň işlemelidigini aýdyp, Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow on aýyň dowamynda geçirilen işler hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almaga we ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleýin edaralaryna işiň döwrebap guramaçylyk görnüşleriniň we usullarynyň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň çäklerinde, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri W.Ataýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy we degişli Buýruga gol çekdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ata Watanymyzyň düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýtdy. Halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk şol özgertmeleriň ygtybarly binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunylygy, adalatlylygy hem-de tertip-düzgüni üpjün etmegiň kazyýet işiniň esasy maksatlary bolup durýandygyny belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna amala aşyrylýan işleriň ýokary hilini we dessinligini üpjün etmek, kazyýetleriň üstüne ýüklenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, Garaşsyz türkmen döwletiniň gazananlaryny ygtybarly goramak, durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň edaranyň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagynyň içerki durnuklylygy pugtalandyrmaga, Diýarymyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitmek üçin zerur ykdysady, syýasy we harby kuwwaty artdyrmaga ýardam etmelidigini nygtady.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dostluk we doganlyk serhedi diýip yglan edip, ähli döwletler, ilkinji nobatda bolsa goňşy ýurtlar bilen oňyn gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy saklaýandygymyzy nygtady.

Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de ykdysady bähbitlerini goramagyň bu edaranyň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdeleriň hem esgerleriň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyny aýdyp, Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak bilen bagly teklipleri taýýarlamak boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de raýatlara kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini düşündirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzir kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň esasy wezipeleriň biridigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hukuk seljeriş işleriniň döwletiň işlerini dolandyrmagyň hem-de raýat jemgyýetini ösdürmegiň zerur gurallarynyň biridigini nygtap, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz raýatlaryň arasynda güýje girýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek işinde täze usullary ulanmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de gullugy tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Daşary ykdysady amallary hasaba almagyň sanly tehnologiýalaryny hem-de monitoringini yzygiderli ornaşdyrmak ugrunda geçirilýän işler barada hasabat berildi. “2021 — 2023-nji ýyllarda eksport-import amallary üçin bir penjire” atly synag taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça tassyklanylan meýilnama laýyklykda, daşary ykdysady işe gatnaşýan birnäçe ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Gullugyň ýolbaşçysy iri halkara düzümler hem-de daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady işjeňligiň ýokarlanýandygyny we halkara ýük daşamalaryň möçberleriniň artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän önümlere, olaryň bellenen hil babatdaky ölçeglere doly laýyk gelmegine has içgin gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň hem-de häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň bu ulgamda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmegiň aýrylmaz bölegidigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de edaranyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň bu ugurdaky syýasatynyň türkmenistanlylaryň bähbitlerini we howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, raýatlarymyzyň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda hereket etmek babatdaky hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz dünýäniň oňyn tejribesini hem-de hereket edýän kanunçylygyň esasy ýörelgelerini seljermegiň, işiň täze usullaryny ulanmagyň gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekliginiň kepili bolup durýandygyny aýdyp, edaralary dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýasyny has işjeň peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerini gözegçilik edýän ulgamynda durmuşa geçirmek maksady bilen görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Bagabat şäherçesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetini döretmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimiziň garamagyna kömekçi hojalygyň düzümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hödürledi. Kömekçi hojalygyň çäklerini ekerançylyk meýdanlaryna bölmek teklip edilýär, bu ýerde dürli oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriler, miweçilik we üzümçilik pudaklary ösdüriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýändigini nygtady we ýurdumyzyň mundan beýläk-de seçip alan ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigini hem-de dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bellenilen wezipeleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýurdumyzda kanunylygyň, hukuk tertibiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerinde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, bu künjekde ekerançylygyň, miweçiligiň ösdürilmeginiň dag etekleriniň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerleriň harby gullugynyň zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Munuň özi harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygy üçin bolşy ýaly, oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, harby gullukçylaryň agronomçylyk, maldarçylyk ýaly hünärleri ele almagy üçin möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine gullukda üstünlikleri arzuw etdi.

Meňzeş habarlar