Berkarar döwlet — sagdyn jemgyýet

Ýakynda Tejen şäherindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlaryň arasynda Sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, milli watansöýijiligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllygy wagyz-nesihat etmek, düşündirmek maksady bilen Berkarar döwlet-sagdyn jemgyýet diýen şygar astynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň bölüm müdiri K.Nurberdiýew, TDP-nyň Tejen şäher komitetiniň başlygy S.Annaýew, Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň birleşmesiniň başlygy  E.Seýidowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň  ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollaryny seljermek barada uly işler durmuşa geçirilýär hem-de şäherimiziň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, berjaý edilmeli düzgün-tertip barada, ýagny agyz-burun örtüklerini dakynmagyň şertlerini doly we dogry berjaý etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak we kadaly iýmitlenmek, gök önümlerdir miweleri hem-de arassa agyz suwuny köpräk içmekligi maslahat bermek bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar diýip belläp geçdiler.