Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, sanly ulgam arkaly, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy çagyrdy.

Häkim ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn işler, öňde boljak halkara çärelere hem-de Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görlüşi, gyş möwsüminiň ýetip gelendigini göz öňünde tutup, ýyladyş ulgamlarynyň zerur ulanyş ýagdaýynda saklanylyşy barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi şeýle hem arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, jemagat hojalygy ulgamy üçin gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň nobatdaky tapgyrynyň netijeli işledilişi barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, jemagat hojalygy pudagynyň edara-kärhanalarynyň maksatlaýyn wezipelerini berjaý etmek ugrunda häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda geçiriljek halkara çärelere we Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, geljegi nazara alyp, toplumlaýyn çemeleşmelidigini, şäheriň öz belent derejesi bilen ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny, hususan-da, munuň adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygy barada aýdyp, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny saklamak üçin niýetlenilen ýörite tehnikalar has netijeli işledilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýylylyk bilen üpjün edilişine, umuman, paýtagtymyzyň energiýa we gaz üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de wise-premýere paýtagtymyzda şu hepdede göz öňünde tutulýan möhüm ähmiýetli halkara çäreleri ýokary derejede geçirmäge, Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günler daýhanlaryň tagallasy bilen ösdürilip ýetişdirilen “ak altyny” iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, saçaklarymyzyň berekedi hasaplanýan ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmak işlerini guramak, bu işlerde tehnikalary we gurallary netijeli peýdalanmak, olary ýazky ekiş möwsümine doly taýýarlamak babatda görülýän çäreler hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň netijeleri boýunça daýhanlar bilen öndürilen önüm üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli ulanmak, meýdanlarda pagtanyň galan hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak hem-de hasyly kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, güýzlük bugdaýyň boý alan maýsalaryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, olara öz wagtynda ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk dowam etdirilýändigi habar berildi.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda ýeralmanyň hem-de beýleki gök ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri bellenen möhlete laýyklykda, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Şeýle hem welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen bagly meselelere üns çekildi.

Kärendeçi pagtaçylar meýdanda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlary täze ýeňişlere ruhlandyrmak maksady bilen, olary goldamagyň we höweslendirmegiň netijeli ulgamynyň ýola goýlandygy, şol sanda önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi barada habar berildi.

Häkim Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyl baýramyny welaýat we etrap derejesinde mynasyp bellemek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hem aýtdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýetişdirilen “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kombaýnlaryň güýji bilen ýygnalýan pagtanyň mukdaryny artdyrmak, tutuşlygyna alanyňda, ýygym möwsümini üstünlikli jemlemek üçin degişli düzümleriň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalara hem-de harmanhanalara daşamakda tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegine gözegçilik edilýändigi barada habar berildi.

Häkim welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwunyň bellenilen agrotehniki möhletlerde tutulmagyny üpjün etmek, ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny bökdençsiz işletmek babatda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, olaryň bellenilen agrotehniki möhletlerde tamamlanmagy, ýeralmanyň, gant şugundyrynyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

2022-nji ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni tutmak işlerini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak hem-de ýazky ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleri ýokary depginde dowam edýär.

Hasabatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreler, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi. Şonuň ýaly-da, daýhanlaryň zähmetine hak tölemek işleri öz wagtynda geçirilýär.

Mundan başga-da, häkim Halkara Bitaraplyk gününe hem-de hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çärelerine ünsi çekdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň gowaça meýdanlarynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler barada aýdyp, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny doly möçberde we ýitgisiz ýygnap almak üçin pagta ýygyjy kombaýnlaryň hem-de pagta daşaýan tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, gaýtadan işleýän kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini ýola goýmak boýunça hemme zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi.

Şol bir wagtda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de suw tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Häkim ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, ilaty zerur önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin ýetişdirilen şalynyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýygnamak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça işleriň geçirilişi, ähli oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny abatlap, ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem oba zähmetkeşleri bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Bulardan başga-da, häkim Halkara Bitaraplyk gününe, ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna welaýat we etrap derejesinde taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, meýdanlarda galan pagtanyň ýygymy hem-de geljek ýyl hasyl almak maksady bilen, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda güýzlük bugdaýyň maýsalaryna edilýän idegiň barşy barada hasabat berdi.

Welaýatyň häkimi milli Liderimize “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Munuň özi pagta ýygymynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegi hem-de ýygnalan hasyly harmanhanalara we pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz daşalmagy bilen şertlendirilendir.

Habar berlişi ýaly, bugdaýa suw tutmak we ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de halkymyzy zerur önümler bilen bolelin üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnamak işleri dowam etdirilýär.

Welaýatyň häkimi geljekki hasylyň düýbüni tutmak hem-de möwsüme degişli tehnikalary we enjamlary taýýarlamak boýunça geçirilýän işleriň barşy barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada-da habar berildi.

Häkim önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk depginini artdyrmak boýunça işleriň barşy hakynda hem hasabat berdi. Şol desgalarda işler ähli bildirilýän talaplary nazara almak bilen geçirilýär. Daýhanlaryň zähmetine hak tölemek boýunça işler öz wagtynda amala aşyrylýar.

Ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmek hem-de Täze ýyl baýramyny welaýat we etrap derejesinde mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän işlere-de aýratyn üns berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça meýdanlarynda pagtany ýitgisiz ýygnap almak, ýygymda kombaýnlary, pagta daşaýan tehnikalary netijeli ulanmak, pagta arassalaýjy kärhanalary talabalaýyk işletmek, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, güýzlük bugdaýa öz wagtynda we guramaçylykly ideg etmek, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda ilatymyzyň zerur önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýygnap almak boýunça görülýän çäreler barada-da habar berdi. Şeýle-de geljek ýylyň hasylynyň düýbüni mäkäm tutmak işlerini alyp barmakda ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, ýazky ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Şeýle hem ýygnalan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Häkim sebitde Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna welaýat we etrap derejesinde taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada-da aýtdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde “ak altyny” soňky hanasyna çenli ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Häzir ýurdumyz boýunça 1 million 262 müň 574 tonna pagta ýygnalyp, bellenilen meýilnama 101,01 göterim berjaý edildi. Şeýle hem welaýatlarda döredilen mümkinçilikleriň netijesinde şu günler ýurdumyz boýunça tabşyrylan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyk işleri geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär, güýzlük ýeralmany, käşiri, mäşi, noýbany we künjini ýygnamak boýunça işler geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalarydyr enjamlary öz wagtynda abatlanylyp, taýýarlyk ýagdaýyna getirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenmek bilen, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin sebitlerde bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekerançylyk işlerini öz wagtynda tamamlamagyň, meýdanlarda galan pagtany tiz wagtda ýygnamagyň, güýzlük bugdaýa ideg edilende, agrotehnikanyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi geljek ýylda bol hasyl almagyň girewi bolup durýar.

Oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyş ýagdaýynyň, beýleki serişdeleriň taýýarlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny gysga möhletde ýygnap almak üçin ähli tagallalar edilmelidir. Ýurdumyzyň ilatyny ter gök önümleri bilen üpjün etmek üçin etraplarda we welaýatlarda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça işler meýilleşdirilen möhletlere laýyklykda alnyp barylmalydyr. Mundan başga-da, ýygnalan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda doly geçirilmelidigine üns çekilip, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.