Adamyň ömri we jemgyýetçilik durmuşy esasan şu hadysalar bilen baglydyr. Onuň birinjisi, ynsanyň tebigy ösüşi, kämil şahsyýetiň kemala gelmegidir. Ikijisi, tebigatyň maddy we ruhy nygmatlaryndan adamyň peýdalanmagy, ýagny adam-tebigat sazlaşygydyr. Üçünjisi bolsa, ynsanyň zähmetidir, çünki akyl ýa-da fiziki zähmeti, iş alyp barmak ussatlygy bilen adam özüni jemgyýetde tanadýar. Türkmen halkynyň adamzadyň taryhy ösüşine uly goşant goşan halklaryň hatarynda, adamzat gymmatlyklaryny - öwüt-nesihatlaryň, wagyz-terbiýeçilik medeniýetiniň, ynsanyň ahlak tebigatyny häsiýetlendirýän garaýyşlaryň, wyždan tämizliginiň kämilliginde mynasyp paýy bardyr. Çünki ahlak älemini kämilleşdirýän her bir ynsan özüniň ruhy tämizligi bilen jemgyýetiň ruhy dünýäsini emele getirýär. Kämil zähmet, ruhy we ahlak gymmatlyklaryň eýesi bolan adam, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolýar hem-de wyždan, ynsap we mertebe ýaly ynsan gymmatlyklary bilen şahsyýetiň ene topraga bolan söýgüsini ýokarlandyrýar. Şeýle kämil şahsyýetleri kemala getirmekde bolsa, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, ýaş nesle berilýän aladanyň ýokary derejesiniň wajyp ähmiýeti öz-özünden bellidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaşlar hakyndaky aladalaryň dabaralanýan zamanasydyr. Bagtdan paýly biz ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz, Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmekde, özgertmekde, döretmekde we gurmakda jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Arkadagymyz öz çykyşlarynda: “döretmek, gurmak bilen adamzadyň durmuşy has-da gözelleşýär. Biziň bagtyýar ýaşlarymyz hem durmuşymyzy gözelleşdirýän şahsyýetler – jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolup durýar” diýip biz ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokary derejede kesgitleýär. Çünki, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak-terbiýe taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşleriniň kepili bolup durýar.
Men hem, Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gurasaklary ata Watana, ene topragymyza söýgiden joşýan ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada eýe bolmak bagtyna mynasyp boldym. Eziz Watanymyzyň döwlet berkararlygyny zähmetimiz bilen pugtalandyrmaga goşandymyzy goşup, işde, döredijilikde ýerine ýetirýän işlerimiz üçun biz ýaşlara şeýle abraýly baýragyň berilmegi ilkinji nobatda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän atalyk aladalarynyň netijesi, jemgyýetimizde ýaş nesle berilýän ünsüň bolsa aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň hem-de bu ugurda ýörite Meýilnamanyň tassyklanylmagy ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjiligi, ynsanpeweligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemäge itergi berýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara zehin we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, mynasyp orunlary eýelemegi, ýaş hünärmenleriň ylymda aýratyn tapawutlanmagy, döredijilikli gözlegleri, ylmy-barlaglary geçirip, ylmyň derwaýys meseleleri babatynda döwrebap temalar bilen ylmy bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy Alym Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky tagallalarynyň datly miweleri bolup durýar.
Milli Liderimiziň biz ýaşlara döwletimiziň bagtyýar durmuşda ynamly öňe gitmeginde mynasyp goşant goşmaga döredýän mümkinçilikleri we goldawlary meniň şu ujypsyzja zähmetimiň ýokary baha we şa serpaýyna mynasyp bolmagyna itergi berdi. Men hem, her bir işde biz ýaşlara nusgalyk görelde bolýan Alym Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşy we bagtyýarlygy, dünýäniň parahatçylygy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.
Bägül BEKÇIÝEWA
TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet bölüminiň esasy hünärmeni