Ümzügi öňe sary barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dogumdan don geýen türkmen ýaşlary ýurdumyzyň dürli pudaklarynda jepakeş zähmet çekip, özleriniň zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna mynasyp goşant goşýarlar. Her daban ýerine eždatlarymyzyň demi siňen, deri siňen bu topraklarda çeken yhlasyňa mynasyp baha berilýär. Ynha şu gün hem Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Döredijiligiň aýry-aýry ugurlarynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine şahadatnamalar we Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Süňňinden aýdym-sazlaryň eriş-argaç bolup geçmegi bu baýramçylyk dabarasynyň şowhunyna şowhun goşdy. Ukyp başarnyklaryna görä mynasyp baha berlen ýaşlaryň gözlerinde şatlygyň, buýsanjyň uçgunlaryny görmek bolýar. Ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, eziz türkmen halkymyza bolan söýgüden, ynamdan ýürekleri püre-pür ýaşlar geçmişiň alawyny geljege alyp gitmeli ynamdar wekillerdir.
Bedenleri berdaşly, göwünleri ganatly, gujurly gaýratly Ýaşlaryň baýramy bu gün. Bu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni. Döredilenine 30 ýyl dolan bu gurama ýaşlarymyzyň röwşen geljegine şöhle saçýan Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebisleşen ýaşlar bilen ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny goldaýar. Tyllaýy güýzüň goýras günlerinde döredilen bu gurama ençeme ýaşlaryň geljekde ýagşy ýatlama öwrüljek ajaýyp günleriniň bimöçberdigine şaýatlyk etdi. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerýän ýaşlarymyzyň döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin, olaryň zehinlerini has-da ýitileşdirmek üçin ýurdumyzda oňyn hem-de netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Türkmen ýaşlarynyň eşretli eýýamdan ruhlanyp, döwür bilen deň gadam basmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.