Häzirki zaman şertlerinde islendik jemgyýetiň ösüşi şol döwletiň adam maýasynyň ylmy-intellektual kämillik derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi, dünýä bilimlerini esaslandyrmak we ulgamlaşdyrmak arkaly ählumumy derejede ileri tutulýan halkara tejribesiniň oňyn gazananlaryny özleşdirmäge gönükdirilen adamzat işjeňligini ylymsyz we tejribesiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şunda, ýaşlar, ylym, innowasiýa we sanlaşdyrmak ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bir-biriniň üstüni ýetirýän wajyp görkezijiler hem zerurlyklar hökmünde çykyş edýär. Sanlaşdyrmak wezipesiniň amal edilmeginde ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sanlaşdyrylmagyna, maglumat-tehnologiýalardan baş alyp çykarylmagyna, programma üpjünçiliginiň döredilmegine, özleşdirilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik durmuşynda elektron resminamalaryň dolanşygynyň girizilemgine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, adam kapitalynyň intellektual ösüşi netijesinde sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýetden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usulyny hödürleýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanşygyna, elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, elektron senagatyny döretmek ýaly öňde goýýan wajyp wezipeleri anyk maksatlary nazarlaýar. Sanlaşmagyň ileri tutulýan wezipeleriniň ýurdumyzyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” we beýleki ençeme maksatnamalaýyn meýilnamalaryň mazmunynda öz beýanyny tapýandygy bellenilmäge mynasyp. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda «internet-bank» ulgamy arkaly elektron töleg hyzmatlarynyň amal edilmegi, onlaýn-söwda we eltip bermek hyzmaty, mobil we poçta hyzmatlary ýaly tölegleri amala aşyrmak, jemgyýetçilik ulaglarda elektron ýolagçy petekleriň özleşdirilmegi babatynda durmuşa geçirilýän işler jemgyýetimiziň sanlaşmagynyň maksatnamalaýyn esaslarynyň iş ýüzündäki beýanydyr. Bularyň ählisi, ulanyjylaryň adaty durmuş hereketlerinde we iş ýerlerinde goşmaça amatlyklaryň döredilmegine, puluň nagt däl hereketiniň möçberleriniň we aýlanyş tizliginiň artmagyna, netijede döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine itergi beryär.
Sanlaşdyrmagyň obýekti bolup zähmet öndürijilik proseslerinden başlap, adamyň müşderi hökmünde çykyş edýän ulgamlaryny nazara alanyňda, onuň şahsy maglumatlaryna çenli dürli zatlaryň çykyş edýändigi bu wezipäniň jemgyýetiň we raýatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýandygyny beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetde elektron söwda, täjirçilik we bank hyzmatlaryny; saglygy goraýyşda telemedisina ulgamyny işe girizmek, kepilmanalar almak, lukmany çagyrmak, lukmana ýazylmak hyzmatlaryny; ylymda degişli programmalardan peýdalanmagyň usullarynyň öwrenilmegi, täze programmalaryň döredilmegi, bilimde – sanly bilim ulgamynyň we ýokary hilli bilim hyzmatlarynyň ösdürilmegi, elektron okuw kitaplaryň, gollanmalaryň, wideo, audio materiallaryň, interaktiw-multimedia programmalaryň döredilmegi, medeniýetde - taryhy-medeni mirasyň sanlaşdyrylmagy, elektron sergileriň, muzeýleriň we kitaphanalar ulgamynyň döredilmegi, web-saýtlaryň, elektron žurnallaryň we gazetleriň döredilmegi, ulag pudagynda - intellektual ulag ulgamynyň, multimodal ulag-logistiki merkezleriň döredilmegi, döwrebap maglumat-seljeriş we kommunikasiýa ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, oba hojalykda - ýer, suw kadastry, tokaý hojalygynyň maglumat binýadynyň döredilmegi, jemagatda - harçlanan elektrik energiýanyň, suwuň we gazyň tölegleriniň amala aşyrylmagy, ýaşaýan ýeri barada kepilnamanyň berilmegi, ýaşaýyş jaýyna töleginiň geçirilmegi, hukuk goraýjy ulgamlarynda bolsa – dürli görnüşli jerimeleriň tölenilmegi, barlag-gözleg işleriniň ýerine ýetirilmegi, awtoulaglaryň hasaba alynmagy we hasapdan çykarylmagy, şahsy pasporty almak üçin resminamalaryň tabşyrylmagy ýaly wezipeler dünýä derejesinde ileri tutulýar.
Şunda hususan-da, “sanly ykdysadyýet” konsepsiýasyna dünýä derejesinde wajyp ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Çünki, sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary göni aragatnaşyk ulgamynda (onlaýn) ählumumy bazarlara dessin çykarmak, dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmagyny üpjün etmek mümkinçiligi artýar. Şeýlelikde, jemgyýetçilik durmuşynyň sanlaşdyrylmagy tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. Bilermenleriň nygtamagyna görä, önümçiligiň sanlaşdyrmagy internet torunyň, programma üpjünçiliginiň kömegi bilen maglumatlar elýeterliliginiň üpjün edilmegi, maglumatlar gorlarynyň seljerilmegi we dolandyrylmagy, şeýle hem hyzmatlar ulgamyna ugrukdyrylmagy netijesinde durnukly, ýokary tizlikli önümçiligiň ýola goýulmagyny, innowasiýa medeniýetiniň kemala gelmegini nazarlaýar. Munuň özi, maglumat tehnologiýalarynyň ählumumy ösýän häzirki döwrüniň “sanly ykdysadyýet eýýamy” we “dördünji senagat rewolýusiýasy” (Industriýa 4.0) ýaly ileri tutmalaryň maksadalaýyklygyny esaslandyrýar.
Häzirki zaman dünýäsinde aragatnaşyk ykdysadyýetiň we jemgyýetiň telekommunikasiýa hyzmatlaryna bolan barha ýokarlanýan isleglerini üpjün etmäge niýetlenendir, onuň ösüşi köp babatda maglumat tehnologiýalary özleşdirmeklige, maglumat kabul etmek-ibermek infrastrukturasyny kämilleşdirmeklige gönükdirilýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar hyzmatlaryny ösdürmek ýurtda maglumat jemgyýetini kemala getirmäge, ilatyň, işewürligiň we döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga giň ýol açýar. Häzirki wagtda ösen Internet ulgamy dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň, halk hojalyk pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň, halkyň hal ýagdaýynyň ösüş depginini kesgitleýär. Çünki, internet innowasion ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde ykdysadyýetiň ösüşine täsirini ýetirmek bilen zähmetiň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygyny ösdürýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz ösüşiň döwrebap ugry hökmünde ýurdumyzyň sanlaşdyrylmagynda ýaş hünärmenleriň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki, ýaşlar döwrüň täze çagyryşlaryndan baş alyp çykýan we olary döwrebap ösüşlere ugrukdyrýan adam maýasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, sanlaşdyrmagyň köpçülikleýin habar beriş ulgamynda ileri tutulmagy häzirki zaman şertlerinde täze ugurlaryň hatarynda internet žurnalistikasynyň ösmegine itergi berýär. Bilermenleriň nygtamagyna görä köpçülikleýin habar beriş serişdeleri öz gezeginde syýasy aragatnaşygyň subýekti hökmünde çykyş edýär. Munuň özi, häzirki wagtda dünýä we döwlet syýasatynda alnyp barylýan işleri, ösüşleri media ulgamy arkaly elektron görnüşinde tiz wagtda üpjün etmegiň döwrebap usuly bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Başgaça aýdylanda, internet žurnalistikasy bu köpçülikleýin habar beriş maglumatlarynyň aragatnaşyk ulgamyna geçmegidir. Şol bir wagtda internet ulgamynyň ulanyjylarynyň we serhet çäginiň ýoklygy, onuň global häsiýete eýedigini beýan etmek bilen, jemgyýetçilik pikiriniň we dünýä habarlarynyň köpçülige ýetirilmeginde internet žurnalistikasynyň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýetiniň artmagyna itergi berýär.
Internet žurnalistikasynyň kemala gelmegi özbaşdak elektron diňleýjileri bolan aragatnaşyk awtorlarynyň ýagny, “media awtorlarynyň” döremegine itergi berýän aragatnaşygyň täze sosial ugryny ýüze çykarýar. Täze media aragatnaşyk şertlerinde internet ulgamynda diňleýjilerden we awtorlardan ybarat bolan media düzümi bilen işleşmegiň täze usullary žurnalistlerden media serişdelerden baş alyp çykýan hil taýdan täze hünär başarnyklaryny, bilimleri talap edýär. Habar bermegiň döwrebap usulyny beýan edýän täze media ulgamynyň hereket etmeginiň zerur düzümleri hökmünde bolsa, elektron aragatnaşyk dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýän - kompýuter, anyk maksada ýetmegiň serişdesi bolan - internet ulgamy hem-de bu elektron dünýäni dörediji we peýdalanyjy hökmünde ähli hereketleri ýeke täk ulgama birikdirýän ulanyjy çykyş edýär.
Umuman, islendik işe paýhasly, ylym-bilimli, döwrebap garaýyşlar bilen çemeleşmek onuň netijeliliginiň kepili bolup çykyş edýär. Ösüşiň sanly görnüşi bolsa, hyzmatlara we harytlara bolan elýeterliligiň tiz we ýeňil bolmagyna şert döretmek bilen, adam kapitalynyň, ýaşlaryň ylmy-intellektual gorunyň netijeli peýdalanylmagy arkaly ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga ýardam berýär. Şol bir wagtda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanlaşdyrylmagynda internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi jemgyýetçilik ösüşiniň ählumumy habar berilmegine, döwletimiziň döwrebap gazananlarynyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýar.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
Inistitutynyň talyby
TMÝG-nyň agzasy.