BEÝIK IŞLER BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Adatça, ynsanyň görki hakda söz açylanda, «egin-eşik hem adamy tanalmaz ýaly üýtgedip bilýär» diýýäris. Şu babatda ýollar we köprüler hem şäheriň görküni, durkuny düýpgöter özgerdip bilýän eken. Kaşaň, owadan binalaryň bu ýollar bilen sazlaşygy kämil gözelligi, ajaýyplygy döredýär. «Bir kemsiz gözelligiň» bolup bilýändigini aňymyza guýýar, aýan edýär. Biz bu aýdyň hakykaty ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak bata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasynda hem ýene bir ýola magat göz ýetirdik.

Howwa türkmeniň milli aňyýetinde içit bilen geçit gurmagyň sogaby tükeniksiz. Asyrlar boýy gyzgyn gujakly Garagumy özüne hemdem edip ýaşan halkymyz uzak ülkelere syýahat edip, kerwenýollaryny döredipdirler. Şol ýollaryň boýunda amatly ýerlerde kerwensaraýlar gurup, guýular gazyp diňe bir suwa teşneligini däl, eýsem, ýaşaýşa ylham berýän belent ruhlaryny haýyr-sogapdan gandyrypdyrlar. Şol sebäpli-de, biziň illerde ýol, ýoda, şaýollar bilen baglanyşykly halk döredijilik eserleri sanap çykardan köp. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň-ile» diýen parasatly danalarymyz halk gahrymanlaryna dagy ýardyryp, ýol çekdiripdirler. Çeşme-çaýlaryň üstünden köprüler, kiçiräk ýaplaryň üstünden paýapyllar ýasap, oba bilen obany, halk bilen halky birleşdiripdirler. Şeýdip, ynsan aragatnaşygy berkäp, ýüreklerden ýüreklere mähir ýoly çekilipdir. Uzak aralar ýakynlaşyp, dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanypdyr.

Taryhda kerwen ýollarynyň möhüm merkezi bolan Türkmenistan şu gün hem şol ähmiýetli ornunda dur. Bu dostluk we arkadaşlyk ýollarynyň ýurtlara hem-de ýüreklere uzaýan ulgamlaryny, şahalaryny berkitmek üçin döwlet derejesinde amala aşyrylýan beýik işler bihasapdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geleli bäri başyny başlan her bir beýik amalynda çuňňur hikmet bar. Ýurdumyzyň ilersinden gaýrasyna, maşrygyndan magrybyna uzaýan ýollar, täze çekilen gara we demir ýollar munuň aýdyň mysaly.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzdan dünýä ýurtlaryna uzaýan ýollar dost-doganlygyň, parahatsöýüjilikli gatnaşyklary ýokary derejede ösdürmegiň aýdyň beýanydyr. Ýol gurmak sogaply işleriň biridir. Ýollar diňe bir ýurtlary däl, eýsem ýürekleri hem birleşdirýär. Ýurdumyzda we halkara derejesinde döwrebap ýollar – gara ýollar, demir ýollar, deňiz ýollary, howa ýollary gurulýar. Döwletiň we tutuş sebitiň ösmegi, galkynmagy üçin bu ýollaryň ähmiýeti örän ulydyr. Bu ýollar dünýäniň çar künjüne syýahat etmäge, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga itergi berýär. Hut Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolu hem şeýle uly ähmiýete eýe boljakdygyny uly ynam bilen aýdyp bolar.

Asty, üsti hazyna bolan ene topragymyza bolan buýsanç kalbymyzy gaplap, başlaryny belent tutup oturan daglaryň, äleme görk berýän baglaryň, şirin sözli eneleriň, pähimli pederleriň örküni baglan topragyň waspyny sözlemäge şirinden-şirin söz gözläniňi duýman galýarsyň. Her bir ynsanyň kalbyna dolýan şeýle belent buýsanç bolsa mukaddes topraga bolan tagzymydyr, sylag-sarpasydyr.

Atalarymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapyp, biziň günlerimize gelip ýeten «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleler halkyň öz durmuşynyň içinden syzylyp çykan hakykatdan gözbaş alýar. Dogrudan-da, bagyň bolsa, saýa-da bolýar, miwäňde. «Kesewini gögerdip bilýän» keremli türkmen topragynda islän daragtyň, islän ekiniň kök urup, miwe getirip, bol hasyl eçilýändigine ak bazarlarymyzyň tekjelerini doldurup, gözüňi dokundyryp duran ir-iýmiş, bakja we gök ekin önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem göz ýetirýärsiň.

Aslynda, bag dünýäniň zynaty. Hut şonuň üçinem bu gün ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Milli Liderimiziň׃ «Türkmenistanyň her bir raýaty daş – töweregimizi gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamagy özüniň mukaddes borjy hasaplamalydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ajaýyp tebigy gözelliklere baý Türkmenistan döwletimiziň ösümlik haýwananat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek işleri möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýurdumyzy gülletmek, ony bagy-bossanlyga öwürmek Watana, ene topraga söýgi bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, iň beýik söýgini durmuşyň manysyna öwrüp, Garaşsyz ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna we röwşen geljegini kepillendirýän dowamly üstünliklere saldamly goşant goşmak türkmen topragynyň sap arassa howasynda dem alýan her bir ynsanyň ylaýta-da ýaş nesilleriň mukaddes borjudyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiki abadançylygy üpjün etmek üçin zerur çäreleri amala aşyrýar. Ekologiki meselelere bagyşlanan sebit we halkara derejelerinde birnäçe ylmy maslahatlar geçirilýär. Bu ugurda her ýylda ýaz we güýz aýlary köpçülikleýin bag ekmeklik ýörelgesi asylly däbe öwrüldi. Bu işlere ýaşlarymyz we halk köpçüligi ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şenbe güni bolsa Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi çärä gatnaşan her bir ynsanda uly buýsanç duýgusyny kemala getridi.

Umuman Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň öňüsyrasy döwlet möçberindäki toý-baýramlar, dabaralar, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri ýürekleri joşguna besleýär. Ýurdumyzdaky bedew batly okgunly ösüşler dünýäniň alymlarynyň, jahankeşdeleriniň, syýahatçylarynyň we syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Çünki agzybirligiň, birek-birege bolan ynamyň we Watana bolan söýginiň bar ýerinde her bir iş ruhubelentlige beslenýär. Watansöýüjiligi kalbyna nagyşlan halkymyzyň gaýduwsyzlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri taryhçylary, şahyrlary özüne maýyl edipdir. «Türkmenler beýleki milletleriň arasynda Watan söýgüsini iň ýokary derejä göteren milletdir. Çünki olaryň häsiýetinde we damarynda gan däl-de, öz ýurduna, topragyna, Watanyna bolan duýgular akýandyr», «Türkmen Watanyny küýsände, hiç bir haýyş-towakga, serpaý-nygmat, hödür, hezzet, lezzet ony ýolundan saklap bilmez» diýip belläpdirler. Söýginiň mähir, ýagtylyk we ýylylykdygyny her kim bilýär. Bu üçüsiniň bar ýerinde ähli zat ösüşlere beslenýär.

Bize şeýle taýsyz bagty, jennet kybap zamany peşgeş beren Howandar Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, aýdyň maksatly ykbal özgeridiji beýik tutumly işleri elmydama uly rowaçlyklara beslensin.

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY