Belentden belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gysga wagtyň içinde dünýäni haýrana goýjak derejede özgerdi. Gazanylýan üstünlikleriň ýetilýän sepgitleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyz, özeninde bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyz we baky Bitaraplygymyz dur. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň datly miwelerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli pudaklar bilen bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşyny, halkymyza sowgat eden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyny, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini hem-de ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek we milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekde, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakda we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekde, ýaşlaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny artdyrmakda, nesillerimizde milletimiziň gadymdan gelýän ahlak däplerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Merjen NURMUHAMMEDOWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni