Ümzügi öňe sary barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz bu gün türkmen halkymyzyň taryhda yz galdyran, dünýä halklarynyň abraýyna mynasyp bolan taryhy şahsyýetlerimiziň ruhlaryny tirsege galdyrýar. 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde şäheriň günorta künjeginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda bolmagy we bu gözel künjegiň ekologiýa taýdan hasam abadanlaşdyrylmagy, milli seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi barada ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy döwrebap ösdürmäge degişli beren nesihatlary mynasybetli “Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň gymmatly döredijiligi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde nusgalyk ruhy çeşmedir” atly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän halypalardyr, ýaş raýatlarymyz gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa özüniň çykyşynda Gahryman Arkadagymyza, döwletli döwranymyza bolan buýsanjyny şygyrlaryň üsti bilen beýan etdi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew dürdäne setirleriň , filosofiki garaýyşlaryň awtory bolan dünýä meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dogrusynda, onuň döredijiligine berilýän ýokary bahalaryň netijesi dogrusynda belläp geçdi. Maslahata gatnaşan talyp ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini saza geçirip milli äheňde aýdymlary ýerine ýetirmekleri bolsa dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň buýsanjyny artdyrdy. Dabaraly maslahata gatnaşanlaryň ählisi pursatdan peýdalanyp Milli Liderimize berk jan saglyk, aýdyň maksatly işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.
Merjen NURMUHAMMEDOWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy
hünärmeni