TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi ýaňy-ýakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimizi taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, türkmen milli medeni mirasyny, halk döredijiliginiň däplerini wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň “Nakgaş” bölüminiň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025 ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda şekillendiriş sungaty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde okuwçylar şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli bagtly zamanamyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini, türkmen tebigatyny, milli baýlyklarymyzy öz çeken suratlarynda beýan edipdirler. “Garaşsyzlyk-göwünleriň küýsegi“ atly bäsleşikde I orna Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň “Nakgaş” bölüminiň okuwçysy Jemal Astanowa, II orna Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň “Nakgaş” bölüminiň okuwçysy Kümüş Rahymowa, III orna Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň “Nakgaş” bölüminiň okuwçysy Gülöwser Borjakowa dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
A. Rahmanowa
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy