«Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýdiren milletimiz hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini duýup ýaşaýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler Watanymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň hataryna goşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly daşary syýasatynyň esasynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanylyp, halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä halklary bilen ähli ugurda dostlukly gatnaşyklaryň ynamly ýola goýulmagy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrylýan döwletli işlerde taraplaryň bähbitleriniň berk kepillendirilmegi, dünýä jemgyýetçiligi bilen ýurdumyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ösmegine aýratyn ýardam edýär. Ýurdumyzyň syýasy we ykdysady babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletine öwrülmegi ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimiz sebitiň ýurtlary, şol sanda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde, parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem netijeli işleri alyp barýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen maslahat hem oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, parahatçylykly ösüş ýoluny berkitmek, raýatlaryň özara tejribe alyşmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, Syýasy Partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
«Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyga, parahatçylykly ösüş ýörelgelerine we halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasat ugry» atly şygar astynda geçirilen bu maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Bitaraplygymyzy berkitmekde, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda, ýaşlar halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň dünýä arenasyndaky abraýyny has-da ýokarlandyrmakda ägirt uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Bu günki gün türkmen raýatlary, aýratyn-da ýaşlar halkara derejesindäki çärelere, forumlara, olimpiadalara ýokary derejede gatnaşyp, Watanymyzyň abraýyna abraý, şanyna şan goşýarlar.
Şeýle hem çykyşlarda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy häzirki döwrüň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir hemde olary has giň, kämil tejribä daýanyp çözmekdir. Baky Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň toplan tejribesi häzirki zaman şertlerinde parahatçylyk döredijilik işlerinde örän zerurdyr» diýlip buýsanç bilen aýdyldy. Çykyşlaryň dowamynda halkyny ýagty ertirlere ynamly alyp barýan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlary aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagy tüýs ýürekden arzuw edildi.
Çykyşlaryň her biri maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.