Şanly wakalara baý bolan eziz diýarymyzda her günümiz şatlykly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda ýylyň ýylyna giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp ylmy-ensiklopedik eseri bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildiniň halkymyza sowgat berilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu ajaýyp kitap ynsan saglygyny goramakda möhüm bejerijilik, şypa berijilik ähmiýeti bolan ösümlikleriň melhemlik häsiýetli aýratynlyklary, ösüşi, ýaýraýşy, ýygnalyşy, saklanylyşy, olardan dermanlyk serişdeleriniň taýýarlanylyşy dogrusyndaky maglumatlary öwrenip, degerli maslahatlary öz ömrümize hemra edinmekde uly ähmiýete eýe bolup, kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdymyzyň ähli künjeklerinde gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Şeýle tanyşdyrylyş dabarasy «Saglygym – baýlygym» atly şygar astynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň guramagynda we dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Dabaranyň barşynda onda çykyş edenler bu ajaýyp kitapda ýerleşdirilen 120 sany endemiki dermanlyk ösümlikleriň ýerleşdirilendigi, olaryň käbirlerine mahsus gymmatly maglumatlar dogrusynda, saglygymyza oňaýly täsirleri barada giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda zähmet çekýän ugurlary boýunça bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda, Gahryman Arkadagymyzyň ilatyň saglygy ugrunda çäksiz aladasy, türkmen tebigatyna çäksiz söýgüsi, ýurduň baýlygy hasaplanylýan il saglygy babatdaky taýsyz tagallalary, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, halk tebipçiliginde kitabyň örän uly ähmiýetlidigi hakynda çykyş etdiler we şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Merjen NURMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.